Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Goranmak ministriniň iki orunbasary boşadyldy


Penşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň goranmak ministriniň orunbasarlaryndan ikisini wezipesinden boşatdy. Wezipelerinden boşadylan Dmitriý Çuşkin bilen Ýelena Kozlowa bu ministrligiň maliýe işlerine serenjamlyk edýärdiler.

Bir hepde mundan ozal Wladimir Putin korrupsiýa bilen bagly derňewleriň barşynda Goranmak ministri Anatoliý Serdýukowy-da wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Sergeý Şoýguwy belläpdi.

Häzirki wagt Orsýetiň Goranmak ministrliginiň garamagyndaky bir firmanyň bu ministrlige degişli emläkleri çakdanaşa pes bahadan satmak arkaly, takmynan 100 million dollar möçberinde maliýe galplyklaryny amala aşyrandygy bilen baglanyşykly bildirilýän aýyplamalar boýunça jenaýat-derňew işleri alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG