Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Tussag edilen 10 resminiň izolýatordaky möhleti uzaldyldy


Ýekşenbe güni Tbilisi şäheriniň sudy şu geçen hepde tussag edilen Içeri işler ministrliginiň ozalky resmilerinden 10-synyň tussag izolýatorynda galmalydygy barada karar çykardy. Bu tussag edilenleriň arasynda 19 ýaşly kompýuter programmaçysy-da bar.

Bu tussag edilenlere raýatlaryň elektron aragatnaşyklaryna bikanun gözegçilik etmekde we raýatlary güýç bilen ogurlamakda jenaýat aýyplamasy bildirilýär.

Bu soňky tussag edişlikleriň öňýany Gürjüstanyň ozalky içeri işler ministri we iki sany ýokary derejeli harby ofiseri-de tussag edilipdi.

Oktýabr aýynyň başynda parlament saýlawlarynda ozalky oppozision koalisiýanyň ýeňiş gazanmagynyň yzy bilen, indi täze hökümet prezident Saakaşwiliniň hökümetinde bikanun iş alyp baranlykda aýyplanýan resmileri jogapkärçilige çekip başaldy.
XS
SM
MD
LG