Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza: Klinton, Ban Abbas bilen duşuşdy


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun (Ç) palestin lideri Mahmud Abbas bilen duşuşýar. Ramalla, 21-nji noýabr, 2012 ý.
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun (Ç) palestin lideri Mahmud Abbas bilen duşuşýar. Ramalla, 21-nji noýabr, 2012 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun çarşenbe güni, aýry-aýrylykda palestin häkimiýetiniň prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşdy.

Bu duşuşyklar Ysraýyl bilen Gaza zolagyndaky Hamasyň ýaraşyk baglaşmagy üçin halkara derejesinde alnyp barylýan araçylyk tagallalarynyň bir bölegidir.

Ban Iordan derýasynyň Günbatar kenarynyň paýtagty Ramallada Abbas bilen bolan duşuşykdan soň çykyp gürläp, Hamasy gepleşiklere dolanyp gelmäge çagyrdy.

"Men palestinaly jeňçiler tarapyndan, Ysraýylyň ilatly merkezlerini nyşana almak bilen, seljermezden edilýän raketa hüjümleriniň derhal bes edilmegi baradaky çagyryşymy gaýtalaýaryn. Bu kabul ederlik däl. Häzir diplomatiýanyň döwri” diýip, ol aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Hamasyň sözçüsi Sami Abu Zuhri Gaza şäherinde çykyş edip, raketa hüjümlerini duruzmagyň diňe gepleşikler arkaly mala aşyrylyp biljegini aýtdy.

Edil häzirki pursata çenli atyşyklary bes etmek barada hiç hili ylalaşyk bolmady, onsoň atyşygy kesmek barada ylalaşyk bolýança biz ysraýyl jenaýatlaryna jogap bermegi dowam etdireris. Hususan-da basybalyjalaryň aýallary we çagalary nyşana almaga ýykgyn edýänligi üçin, basybalyjylar biziň Gazadaky maşgalalarymyzy nyşana almagy näçe uzak dowam etdirseler, biz hem şu hili jogap berjekdigimizi tassyk edýäris."
ABŞ-nyň döwlet sekretary H. Klinton palestin lideri M. Abbas bilen duşuşdy. Ramalla, 21/11/12.
ABŞ-nyň döwlet sekretary H. Klinton palestin lideri M. Abbas bilen duşuşdy. Ramalla, 21/11/12.

Biraz öň Abbas bilen Klinton hem duşuşdy we ol çarşenbe güni giçlik Müsüre bardy.

Abbasyň palestin häkimiýeti, 2007-nji ýylda yslamçy Hamas hereketi bilen bolan ýaragly çaknyşykdan soň Gazadan kowlup çykarylaly bäri, diňe Günbatar kenara kontrolluk edýär. Emma muňa garamazdan, Abbas şindi hem özüni palestinalylaryň ählisiniň wekili hasaplaýar.

BMG-niň Baş sekretary Ban hem çarşenbe güni Kaire barýar.

Müsür azyndan 136 palestinalynyň we bäş ysraýyllynyň başyna ýeten 8 günlük çaknyşygyň esasy araçylarynyň biridir.

Ysraýylyň Gazada 100-den gowrak ýere zarba urmagy bilen, söweş çarşenbe güni hem dowam etdi.

Goşun hamaz raketalarynyň dördüsiniň günorta Ysraýyla gelip düşendigini aýdýar.

Çarşenbe güni Tel-Awiwde, harby edaranyň golaýynda partlan awtobusda azyndan on adamyň ýaralanandygy, olaryň üçüsiniň agyr ýagdaýdadygy aýdylýar.

Premýer-ministr Benýamin Netenýahuyň sözçüsi (Ofir Gendelman) bu partlamanyň “terrorçy hüjümi” bolandygyny aýtdy.

Tel-Awiwde bolan partlama barada habar çykanda, Gaza şäherinde begenç oklarynyň asmana atylandygy eşidildi."
XS
SM
MD
LG