Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür köpçülikleýin çykyşlara taýýarlanýar


Müsüriň prezidenti Muhammet Morsiniň tarapdarlary Müsüriň Baş sudunyň öňünde, Kair, 22-nji noýabr, 2012.
Müsüriň prezidenti Muhammet Morsiniň tarapdarlary Müsüriň Baş sudunyň öňünde, Kair, 22-nji noýabr, 2012.

Anna güni Müsüriň howpsuzlyk we harby güýçleri Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasynyň golaýynda ýerleşýän döwlet edaralarynyň daşynda jemlendi.

Oppozisiýa yslamçy prezident Muhammet Morsiniň Konstitusiýa girizen üýtgetmelerine garşy protest geçirmegi planlaşdyrýar.

Penşenbe güni Morsiniň ygtyýarlyklaryny giňeldýän täze üýtgetmeleriň hem taraplarlary, hem-de garşydaşlary köpçülikleýin çykyşlary geçirdiler.

Penşenbe güni ýaýradylan konstitusion deklarasiýa prezidente “rewolýusiýany goramak üçin islendik çäreleri ulanmaga rugsat berýär”. Şeýle-de, dokument prezidentiň “çykaran permanlarynyň ýa-da kabul eden kararlarynyň gutarnykly bolup, olara gaýtadan garalmaly däldigini aýdýar”.

Dokument öňki prezidenti Hosni Mubaragy we onuň ýakyn töweregini protestçileri öldürmekde günäläp gozgalan sud işlerine gaýtadan garalmagyna hem ýol açýar.

84 ýaşly Mubarak ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Mundan ozal yslamçylalar prezidente goldaw bildirip, sud häkimiýetini Mubarak bilen bagly resmilerden arassalamaklyga çagyrypdy.

Prezidentiň wekili Ýasser Ali täze dokument barada telewideniýede eden çykyşynda bu çäräniň “rewolýusiýany kanun esasynda goramak üçin” görülýändigini aýtdy.

Täze Konstitusiýa referendum arkaly kabul edilip, täze parlament saýlanýança häziki konstitusion deklarasiýa güýjünde galar. Oňa laýyklykda, sud häzirki wagtda täze Konstitusiýanyň üstünde iş alyp barýan topary dargatmaga hakly däl. Bu toparyň agalaba köpüsini Morsiniň tarapdarlary bolan we “Musulman Doganlar” toparyndan gelip çykan yslamçylar emele getirýärler.

Täze deklarasiýanyň 2011-nji ýylyň fewral aýynda Hosni Mubarak häkimiýet başyndan çetleşdirilip, şu ýylyň iýun aýynda bolan saýlawlarda Morsiniň häkimiýet başyna geçmeginden soň Müsüriň halkynyň arasynda dörän bölünişigi has-da güýçlendirjege meňzeýär.

Reformaçy aktiwistler Morsini diktatorçylykda we rewolýusiýanyň ideallaryny depelemekde aýyplaýarlar.

Oppozisiýanyň lideri we BMG-niň Halkara atom energiýasy boýunça agentliginiň öňki ýolbaşçysy Muhammet El-Baradeý Morsiniň öz özüni faraon, diýip yglan edendigini we ähli häkimiýeti öz gözegçiligine alandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG