Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde Musulman doganlygynyň agzasy öldürildi


Müsüriň Musulman doganlygy partiýasy Prezident Muhammad Morsiniň garşydaşlary bilen bolan çaknyşykda bir agzasynyň öldürilendigini habar berýär.

Nil deltasynda ýerleşýän Damanhur şäherinde Musulman doganlygynyň bir edarasynyň daşynda ýekşenbe güni ýüz beren bidüzgünçiliklerde onlarça adam ýaralandy.

Maglumatlara görä, protestçiler Musulman doganlygynyň edarasyna hüjüm edenlerinde çaknyşyklar emele gelipdir.

Morsi prezident saýlanmazyndan öň bu syýasy partiýanyň lideri bolupdy.

Hepdäniň penşenbe güni Morsi prezidentiň ygtyýarlyklaryny giňeldýän konstitusion permanyny yglan etdi.

Reformanyň tarapdarlary prezidentiiň bu permanyny awtoritar häsiýetli diýip tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG