Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa goşmaça kömek barada ylalaşyldy


Gresiýanyň öz ykdysady durgunlygynyň altynjy ýylyna girmegine garaşylýar, ýurtdaky işçi güýjüniň dörtden bir bölegi bolsa işsiz.
Gresiýanyň öz ykdysady durgunlygynyň altynjy ýylyna girmegine garaşylýar, ýurtdaky işçi güýjüniň dörtden bir bölegi bolsa işsiz.
Gresiýa karz berijiler bergä batan bu ýurduň mundan beýläk hem halas ediş puly bilen üpjün edilmegine mümkinçilik döretjek ylalaşygy gazandylar.

Brýusselde geçirilen gepleşiklerde ýewrozonanyň ministrleri we Halkara walýuta fondy Gresiýanyň bergisini 40 milliard ýewro (52 milliard dollar) azaltmak barada ylalaşdylar.

Bu ylalaşyk Gresiýa 44 milliard ýewro karz alyp, aýlyk haklaryny, pensiýalary we üpjünçilik töleglerini dekabr aýyna çenli tölemäge şert döredýär.

Bu ylalaşygyň doly suratda tassyklanmagy käbir milli parlamentlere bagly bolar.

Ýewropanyň maliýe ministrleriniň Ýewrotoparynyň başlygy Žan-Klod Janker ylalaşygy 12 sagada çeken gepleşiklerden soň yglan etdi.

“Gresiýa beriljek indiki kömek puly barada syýasy ylalaşyga gelendigimizi yglan etmek mende kanagatlanma duýgusyny döredýär” diýip, Janker aýtdy. “Şuny aýdyp geçmäge rugsat ediň, gürrüň diňe bir pulda däl, bu Gresiýanyň halky we tutuş ýewro giňişligi üçin has ýagty geljek hakdaky, ýetilmedik maksatlaryň eýýamyndan we reformanyň durnukly bady boýunça täze nugsanyň durmuşa geçirilişindäki gowşaklykdan çykmak hakdaky, bergi görkezijilerini peseltmek we ösüşe dolanmak baradaky wadadyr”.

Halkara walýuta fondunyň ýolbaşçysy Kristin Lagard ylalaşyga ýokary baha berdi.

“Elbetde, biz Gresiýanyň ýola düşendigine we zerur bolan çäreleri görýändigine göz ýetirmek isleýärdik. Bu bize görkezildi we Gresiýa näme gerek bolsa etmäge taýýar, mundan öň hem gerekli çäreleri gördi. Ol dogry ýoly saýlady we dogry zada äht etdi” diýip, Lagard aýtdy.

Gresiýanyň halkara kreditorlary halas ediş karzynyň çäginde 240 milliard ýewro bermegi wada etdiler.

Afiny häzire çenli 150 milliard ýewro (195 milliard dollar) karz aldy. Onuň şertlerine laýyklykda, Afiny halk tarapyndan halanmaýan tygşytlaýyş çärelerini ýola goýdy.

Gresiýanyň öz ykdysady durgunlygynyň altynjy ýylyna girmegine garaşylýar, ýurtdaky işçi güýjüniň dörtden bir bölegi bolsa işsiz.
XS
SM
MD
LG