Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň daşary işler boýunça baş wekili Gyrgyzystana bardy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili Ketrin Eşton Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän saparynyň çäklerinde, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkega bardy.

Sişenbe güni Eşton ÝB-Merkezi Aziýa ministrler derejesindäki ýygnagyna başlyklyk etdi. Ýygnaga Merkezi Aziýa sebitiniň ähli bäş döwletiniň daşary işler ministrleri ýa-da olaryň orunbasarlary gatnaşdy.

Şeýle-de Eşton gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşyk geçirdi.

Çarşenbe güni Eşton Özbegistana, mundan soňra hem Täjigistana we Gazagystana sapar eder.

Eşton saparynyň öňüsyrasy “Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa sebitine uly möhümlilik berýändigini” aýdypdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy Eştona ýüzlenip, bu sapardan peýdalanyp, ýalňyşlyk bilen tussag edilen adamlaryň azat edilmegi üçin, ýerli häkimiýetlere çagyryş etmegini soradylar.
XS
SM
MD
LG