Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystan Pakistany “dogruçyl hyzmatdaşlyklara” çagyrýar


Anna güni Owganystanyň daşary işler ministri Zalmaý Rassul Pakistany “netije beräýjek dogruçyl hyzmatdaşlyklara” çagyrandygyny aýtdy.

Anna güni Yslamabatda Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khar bilen geçiren gepleşikleriniň yzýany eden bu çykyşynda Zalmaý Rassul ýakynda Pakistanyň türmelerinden talyban komandirleriniň azyndan 9-synyň çykarylmagyny-da hoşallyk bilen garşy alandygyny mälim etdi.

15-nji noýabrda bu tussaglar Owganystanyň hökümeti bilen talybanlaryň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerine ýardam bermek maksady bilen Pakistanyň türmelerinden boşadylypdy.

Zalmaý Rassul Owganystandaky parahatçylyk prosessine Pakistanyň başga-da anyk ädimler bilen ýardam bermegine umyt edýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG