Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş Assambleýasynda Palestinanyň statusy beýgeldildi


Penşenbe güni giçlik BMG-niň Baş Assambleýasynda geçirilen ses berişlikde Palestinanyň statusy ýokarlandyryldy.

Palestina “synçy-döwlet” statusyny bermek barada geçirilen ses berişlikde onuň bu statusyny 138 ýurt goldady. Muňa diňe 9 ýurt garşy ses berdi we 41 ýurt ses bermekden saklandy.

Bu ses berişligiň öňýany eden çykyşynda Palestinanyň lideri Mahmud Abbas Birleşen Milletler Guramasyny Palestina “dogulyş baradaky şahadatnamany” bermeklige çagyrýandygyny nygtady.

Palestina “synçy-döwlet” statusynyň berilmegine garşy ses berenleriň arasynda Ysraýyl we Amerikanyň Birleşen Ştatlary-da bar.

Palestinanyň bu täze statusy oňa BMG-niň agentliklerine agza bolmaga, şol sanda BMG-niň Halkara sudunyň agzasy hökmünde bu suda ýüz tutmaga-da mümkinçilik berýär.
XS
SM
MD
LG