Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran AEHG bilen ylalaşmagynyň mümkindigini aýdýar


Eýranyň Atom energiýasy boýunça halkara gullugyndaky ilçisi Ali Aşgar Soltaniýeh, Wena, 29-njy noýabr, 2012.
Eýranyň Atom energiýasy boýunça halkara gullugyndaky ilçisi Ali Aşgar Soltaniýeh, Wena, 29-njy noýabr, 2012.

Eýran Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň resmileriniň 13-nji dekabrda Tährana boljak saparynyň dowamynda ylalaşyga gelinmeginiň mümkindigini aýtdy.

Hepdäniň anna güni Wenada Eýranyň Atom energiýasy boýunça halkara gullugyndaky ilçisi Ali Aşgar Soltaniýeh gullugyň dolandyryjy geňeşi bilen duşuşdy.

Onuň žurnalistlere aýtmagyna görä, eger Atom energiýasy boýunça halkara gullugy Tähranyň esasy talaplaryny berjaý etse, Eýran indiki aýda halkara gözegçiligi üçin has giň mümkinçilik döreder.

Subut ediji dokumentler

Soltaniýehiň sözlerine görä, Eýran Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň Tähranyň ýadro programmasynyň harby maksatlara gönükdirilýändigini subut edýän dokumentleri görkezmegini isleýär. Eýranyň ilçisi şeýle dokumentler berilmese Eýranyň öz bähbitlerini goramakçydygyny aýtdy.

Atom energiýasy boýunça halkara gullugy Eýranyň ýadro programmasynyň harby maksatlara gönükdirilýändigini tassyklaýjy dokumentleri şu çaka çenli berilmedi. Olaryň uly bölegi Günbataryň ýörite gulluklarynyň gizlin maglumatlaryna esaslanýar.

Analitikler Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň Eýranyň ýadro programmasy baradaky öz maglumatlarynyň çeşmesini görkezmek islemeýändigini bellemek bilen, onuň Tähranyň talabyna razylyk berjegine şübheli garaýarlar.

Hyzmatdaşlygyň aýratynlygy

Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň resmileri 13-nji dekabrda Tährana sapar edip, Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly soraglara Tähranyň jogap bermegini gazanmaga synanyşarlar.

BMG-ä hasabat berýän Atom energiýasy boýunça halkara gullugy Tährana boljak bu saparynyň dowamynda ýurduň Parçin harby kompleksine barmaga rugsat berilmegini hem talap etmekçi.

Eýran Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň ýolbaşçysy Ýukiýa Amano bilen şu ýylyň maý aýynda Tähranda gelnen ozalky ylalaşyklaryndan ýüz öwrüpdi we ýadro gurallarynyň halkara gözegçiler tarapyndan giňişleýin barlanmagyna rugsat bermändi.

Atom energiýasy boýunça halkara gullugy Eýran bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine aladalanma bildirýär.

Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň Dolandyryjy geňeşiniň şu hepdede Wenada geçirilen iki günlük duşuşygynyň öňüsyrasynda bu edara Eýranyň ýakyn wagtda Fordow ýerasty obýektinde urany baýlaşdyrmak üçin ulanýan gurallarynyň sanyny artdyrmagynyň ähtimaldygyny habar beripdi.

Bilermenler Eýranyň ýadro ýaragyny döretmek üçin mümkinçiliginiň çäkli bolmagyna galýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG