Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tehnologiýa: ilkinji SMS iberilenine ýigrimi ýyl dolýar


Mobil telefonynyň üsti bilen ilkinji tekst görnüşli maglumatyň iberilenine duşenbe güni 20 ýyl dolýar.

1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda 22 ýaşly britaniýaly inžener öz kompýuterinden dostunyň telefonyna ilkinji SMS tekstini (“Short Messaging Service” - gysga maglumat hyzmaty) ýollady.

Neil Papwortyň maglumatynda "Merry Christmas" – “Roždestwo günüň mübärek bolsun!” diýilýär.

Adam orta hasap bilen her hepdede 50 SMS tekstini iberýär. Trillionlap iberilýän SMS teksti ýylda $112 milliard girdeji getirýär.

Şol bir wagtyň özünde 2012-nji ýylyň birinji ýarymynda SMS iberýän adamlaryň sany pese gaçdy, çünki indi köp adam habarlaşmak üçin Facebook, Twitter ýaly sosial ulgamyna ýüzlenýär.
XS
SM
MD
LG