Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TI: Döwletleriň üçden ikisi korrumpirlenen


"Transparency International" toparynyň korrupsiýa kartasy. 4-nji dekabr, 2012 ý.
"Transparency International" toparynyň korrupsiýa kartasy. 4-nji dekabr, 2012 ý.
Korrumpirlenen hökümetlerden halkyň närazylygy gitdigiçe artsa-da, korrupsiýa garşy göreş alyp barýan "Transparency International" toparynyň aýtmagyna görä ýokary derejedäki parahorluk, ýokary wezipelerdäki adamlaryň öz wezipelerinden galp peýdalanmagy, gelinýän gizlin ylalaşyklar dünýäniň dürli ýerlerinde jemgyýetleri "tozdurmagy" dowam etdirýär.

Düýbi Berlinde ýerleşýän guramanyň “Korrupsiýanyň görkezijileri” atly hasabatynda bellenilmegine görä, 176 ýurduň üçden ikisinde raýatlar özleriniň hökümetlerini ýokary derejede korrumpirlenen diýip hasaplaýarlar.

"Transparency International" toparynyň işgäri Swetlana Sawitskaýa barlaglarda gelnen netijeleriň halkyň institusiýalardan we resmilerden aç-açanlygy hem köpräk jogapkärçiligi talap edýändigini görkezýändigini belleýär.

Korrupsiýa görkezijisinde iň pes orunda ýene-de Owganystan dur. Orsýet we öňki sowet respublikalarynda hem ýagdaý ýaramaz. Diňe Gürjüstanda az-kem ilerleme bar.

Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan "Transparency International" topary öz görkezijisiniň ýurdy dolandyrma we söwda atmosferasyny analizlemek boýunça spesialist hasaplanýan garaşsyz guramalaryň geçen 24 aýyň içinde toplan maglumatlaryna esaslanýandygyny aýdýar.

Swetlana Sawitskaýa Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: "Tutuş dünýäde bolýan prostestlere garamazdan, korrupsiýada iň pes derejede durýan ýurtlaryň aglabasynda hökümetler şindi-de hiç bir aýgytly iş etmän, şol öňki edýänlerini dowam etdirýärler. Korrupsiýany jylawlamak boýunça görülýän netijeli çäreler ýok. Bu hemme ýerde şeýle, hatda Ýewropa Bileleşiginde durýan ýurtlarda-da şeýle".

Pes görkezijiler

Sanawda iň pes orunda Demirgazyk Koreýa we Somali bilen birlikde Owganystan hem bar.

Yrak 169-njy, Pakistan hem 139-njy orunda durlar.

133-nji orunda Orsýet, Eýran we Gazagystan ýerleşdirilipdir.

Orta Aziýanyň beýleki ýurtlary - Gyrgyzystan 154-nji, Täjigistan 157-nji, Türkmenistan bilen Özbegistan bolsa 170-nji orunda ýerleşdirilipdirler

Kawkazda bolsa, Gürjüstan 51-nji, Ermenistan 105-nji, Azerbaýjan 139-njy orunda.

Sawitskaýanyň aýtmagyna görä, Orsýetde we öňki Sowet Soýuzynyň beýleki respublikalarynda gowulaşma ýok. Az-kem adatylykdan özgeriş diňe Gürjüstanda göze ilýär: "Bu hökümetler öz raýatlaryna bolan gatnaşykda aýanlykdan gaça durmagy, bütinleý jogapkärsizligi dowam etdirýärler. Bu hökümetler korrupsiýa garşy gaty nepis kanunlar, yhlas bilen düzülen jikme-jik strategiýalar girizseler-de, bular ýerine ýetirilmän, netijesiz galýar. Bu ýerlerde hökümetiň näme edip, näme goýýanyna graždanlar tarapyndan gözegçilik ýok".

Ýewropa Bileleşigine degişli käbir ýurtlarda hem ýagdaý öwerlik däl. Mysal üçin, Italiýa 72-nji, Rumyniýa 66-njy, Slowakiýa hem 62-nji orunda durýar.

"Transparency International" toparynyň dolandyryjy müdiri Kobus de Swardt: "Dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýetleri öz guramalaryny aç-açan edip, olaryň ýolbaşçylaryny jogapkärçilige çekmek bilen korrupsiýa garşy global göreşe täsir edip bilerler" diýdi.
XS
SM
MD
LG