Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Harbylar krizisi çözmek ugrundaky “dialogy” goldaýarlar


Protestçiler tikenekli simler bilen Tahrir meýdançasyndaky administratiw binanyň girelgesini böwetlejek boldular.
Protestçiler tikenekli simler bilen Tahrir meýdançasyndaky administratiw binanyň girelgesini böwetlejek boldular.
Müsüriň harbylary milleti ikä bölen syýasy krizisi çözmek ugrundaky “dialogy goldaýandygyny” aýdýar.

Harbylar şenbe güni beýanat ýaýradyp, onda “dialog başa barmasa, bu bizi elhenç netijeleri döretjek garaňkylyga alyp gitjekdigini” duýdurdylar.

Bu iki hepde mundan ozal prezident Mohammed Mursä garşy başlanan protestlerden soň, harbylaryň çap eden ilkinji beýanatydyr.

Şenbe güni protestçiler tikenekli simler bilen Tahrir meýdançasyndaky administratiw binanyň girelgesini böwetlejek boldular.

Nägileligiň sebäpleri

Mena Ramsi atly demonstrantlary biri şeýle gürrüň berdi: “Biz meýdança ilkinji gezek gelenimizde, prezidentiň ygtyýarlyklaryny artdyrýan kararyň ýatyrylmagyny talap edipdik. Ýöne, haçanda Mursi muny ret edende, biz onuň häkimiýetden çekilmegini talap edip başladyk” diýdi.

Soňra ol sözüni dowam etdirip: “Prezidentiň köşgüniň öňünde ‘Musulman doganlarynyň’ bize eden süteminden, şeýle-de yslamy wagyz edip, aýallary ýençýän şeýhleri görenimizden soň, Mursi özüniň kanunylygyny ýitirdi. Biz oňa mümkinçilik berjekdik, biz ondan diňe kanunyň ýatyrylmagyny sorapdyk. Emma ol ähli zada atanak çekdi” diýip, belledi.

Prezident Mursi öz ygtyýarlyklaryny artdyrýan kanuny kabul edenden soň, 22-nji noýabrdan bäri tolgunşyklar dowam edýär. Şeýle-de protestçiler aglaba yslamçylar tarapyndan düzülen konstitusiýanyň taslamasynyň 15-nji dekabrda referenduma goýulmagyna, özleriniň nägileligini bildirýärler.

Mursiniň garşydaşlary prezidentiň öz ygtyýarlyklaryny artdyrýan kanunyň ýatyrylmagyny we referendumyň soňa süýşürilmegini soraýarlar.
XS
SM
MD
LG