Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuela: Çaweziň bedeninden ýene rak ösüntgileri tapylypdyr


Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çaweziň aýtmagyna görä, soňky geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň bedeninden ýene-de rak ösüntgileri tapylypdyr. Çawez mundan beýläk hem bejergisini dowam etdirmeli boljakdygyny-da mälim etdi.

Döwletiň milli telewideniýesinde çykyş edip, Çawez ýekşenbe güni operasiýa üçin Kuba gitjekdigini aýtdy.

Çawez 7-nji oktýabrdaky saýlawlarda, nobatdaky gezek prezident bolmagy başarypdy. Ol çykyşynda, eger-de saglyk ýagdaýy erbetleşse, onuň ornuna wise prezident Nikolas Maduronyň geçjekdigini aýtdy.

58 ýaşly Çawez, rak ösüntgilerini bedeninden aýyrtmak üçin, ilkinji operasiýany 2011-nji ýylyň iýunynda geçiripdi.
XS
SM
MD
LG