Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan saglyk işgäriniň ölümi barada täze maglumat çykýar


Owganystanda poliomiýelit keseline garşy waksinasiýa kampaniýasy, Noýabr, 2010.
Owganystanda poliomiýelit keseline garşy waksinasiýa kampaniýasy, Noýabr, 2010.
Öten hepde gündogar Owganystanda bir ýaş saglyk işgäri atylyp öldürilende, bu işde derrew ”Talyban” güman edilipdi.

Sebäbi bu konserwatiw yslamçy toparyň aýallara garşy zorlukly işlerde uzak etmişli taryhy bar. Işläp ýörkä öldürilen Anisa diýip tanalýan bu saglyk işgärine ”Talybanyň” juda garşydygy hem bir gizlin syr däl. Ýöne 1-nji dekabrda Kapisa welaýatynda bolan bu ölüm barada häzir alnyp barylýan barlaglar täze gümanlary döretdi.

Owgan prezidenti Hamid Karzaý tarapyndan bu ölümi barlamak üçin Kabuldan iberilen ýokary derejeli döwlet işgärlerinden durýan 5 agzaly komissiýa indi ”Talybanyň” bu işde eliniň bolmak ähtimallygynyň özleriniň agtaryşlarynda yzarlaýan ýollarynyň diňe biridigini aýdýar.

Kapisa welaýatynyň häkimi Mehrabuddin Safi hem Anisanyň öldürilmeginde ”Talybanyň” eliniň barlygy ýa ýokdugy indi belli bolmaly diýýär: "Biziň şu wagta çenli geçiren barlaglarymyz bu hadysanyň ”Talyban” tarapyndan amala aşyrylan bir syýasy hadysa däl-de, bir jenaýt işdigini görkezýär. Ýöne biziň bu baradaky barlaglarymyz entek dowam edýär".

Safi Anisanyň ölümi bilen baglanyşykda howpsuzlyk güýçleriniň üç adamy tutandyklaryny mälim etdi. Ýöne ol bularyň atlaryny bermedi.

Anisanyň ölüminiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bir gurama ýa bir şahs ýok. Täze ele ilen maglumatlar hem ”Talybanyň” muňa jogapkärdigi baradaky gümany aradan aýranok.

Howply kär

Öldürilmezinden bir gün öň mekdepden öýlerine gelende, Anisa garşy bir adam ot açypdyr. Ýöne oňa zyýan ýetmändir. Ol goňşularynyň öýlerinde bukulyp bu hüjümden aman galypdyr.

Owgan mediasynda berilýän habarlara görä, öldürilmezinden ençeme gün öň hem Anisa jaň edilip, öz işini taşla diýlip, duýduryş berlipdir.

Anisanyň dogany Abdul Ahmed Anisanyň mekdebe gatnamagyny hem-de ýerli saglyk bölüminde poliomiýelit keseline garşy sançgy programmasynda işlemegini maşgalasynyň hemişe goldap gelendigini aýdýar. Sebäbi barlagçylar Anisanyň ölüminde, ol öýde oturman, işe gatnanlygy üçin närazy bolandyr öýdüp, öz maşgalasynyň eliniň bar bolmagyny-da bütinleý aradan aýranoklar.

Ahmed bu ähtimallygy ret edýär: "Biziň maşgalamyz bir garyp maşgala. Şol sebäpden Anisa poliomiýelit sançgysy işgäri bolup işe girdi. Ol hem okaýardy hem-de sançgy geçirýärdi. Öldürilen güni hem waksina almak üçin edara barýardy. Ol mekdep ekzamenini ýaňy gutarypdy".

Prezident Karzaýyň edarasynyň çykaran beýannamasynda Anisanyň nähili ýagdaýda ölendigi barada barlag geçirýän komissiýanyň öňümizdäki birnäçe günlükde prezidente hasabat bermelidigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG