Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet öz pozisiýasynda, ABŞ Türkiýä raketa iberýär


Prezident Assad (Ç) Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bogdanow bilen duşuşyk mahalynda rus prezidentiniň iberen hatyny okaýar. Damask, 29-njy awgust, 2012 ý.
Prezident Assad (Ç) Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bogdanow bilen duşuşyk mahalynda rus prezidentiniň iberen hatyny okaýar. Damask, 29-njy awgust, 2012 ý.
Orsýet öz ýokary derejeli diplomatlarynyň biriniň prezident Başar al-Assad Siriýa kontrollugyny ýitirýär diýendigini ret etdi.

Bu ret etme Pentagonyň başlygynyň Petriot raketalaryny we ýüzlerçe esgeri Türkiýäniň Siriýa bilen serehetinde ýerleşdirmegi buýran wagtyna gabat geldi.

Orsýetiň habar gulluklary daşary işler ministriniň orunbasar we Kremliň Ýakyn Gündogar meseleleri boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanowyň sözlerine salgylanyp, 13-nji dekabrda Siriýanyň hökümetiniň “gitdigiçe kontroly ýitirýändigini”, onsoň “oppozisiýanyň ýeňşiniň aradan aýrylyp bilinmejegini” ýazdy.

Emma Orsýetiň Daşary işler ministrligi anna güni Bogdanowyň diňe siriýa oppozisiýasynyň we onuň daşary ýurtly goldawçylarynyň pozisiýasyny sitirländigini aýtdy hem-de Moskwanyň Siriýa babatdaky syýasatyny üýtgetmändigini nygtady.

"Biz hiç wagt ýatmadyk"

Ministrligiň sözçüsi Aleksandr Lukaşewiç Moskwada bolan metbugat brifiňinde bu barada şeýle diýdi: "Men biziň hiç wagt ýatmandygymyzy aýtmak isleýärin, biz öz pozisiýamyzy hiç wagt üýtgetmedik we üýtgetmeris."

Bogdanowyň aýdan sözleri baradaky habar Moskwanyň diplomatiki pozisiýasynda bir üýtgeşme alamaty bolup göründi.

Waşington Orsýetiň ahyry hakykata gözüniň açylandygyny ýaňzytdy.

Gozgalaňçy syýasatçy Mouaz al-Hatib Moskwa özüniň umytsyz işe goldaw bermesinden çekilmek üçin ugur-ýol gözleýändir öýdendigini aýtdy.

Orsýet, 2011-nji ýylyň martynda başlan gozgalaňdan bäri, Assadyň ýakyn ýarany hökmünde, Birleşen Milletler Guramasynyň Assada basyş etmek tagallalarynyň öňüni baglady we onuň režimini ýarag bilen üpjün edip geldi.

Türkiýä dört Petriot batareýasy barar

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Leon Panetta anna güni iki sany Petriot raketa batareýasyny we olary işletjek 400 esgeri NATO-nyň agzasy Türkiýä ibermek baradaky buýruga gol çekdi.

Pentagonyň metbugat sekretary Jorj Littl Panettanyň bu buýruga öňünden yglan edilmedik sapar bilen Owganystandan Türkiýä, Injirli howa bazasynda gulluk edýän amerikan esgerleri bilen duşuşmaga gelmeziniň öň ýany gol çekendigini aýtdy.

Germaniýa bilen Niderlandiýanyň hem hersi, Siriýanyň raketa howpuna garşy goranyşy berkitmek üçin, Türkiýäniň günortasyna iki Petriot batareýasyny iberýär.

Olar NATO-nyň komandasy astynda ýerleşdiriler we ýanwaryň ahyrynda iş ýagdaýyna getiriler.
XS
SM
MD
LG