Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa: Parlament saýlawlarynda LDP partiýasy ýeňiş gazandy


Ýekşenbe güni Ýaponiýada geçirilen parlament saýlawlarynyň deslapky netijeleri eýýäm ýurduň Liberal-demokratik partiýasynyň wekilleriniň orunlaryň köplügine eýe bolandygyny görkezýär.

Deslapky maglumatlara görä, Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasy 480 orunlyk parlamentden 310 orna eýe bolupdyr.

2009-njy ýyla çenli Liberal-demokratik partiýa onlarça ýyllaryň dowamynda häkimiýeti öz elinde saklap gelipdi. 2009-njy ýyldaky parlament saýlawlarynda Demokratik partiýa häkimiýet başyna gelipdi.

Ýöne geçen soňky üç ýylyň dowamynda ýüz beren maliýe krizisi we Fukusimo ýadro heläkçiligi ýaly wakalar bu partiýanyň öňünde uly kynçylyklary döretdi.

Ýekşenbe günki saýlawlarda ýeňiş gazanan LDP partiýasynyň lideri Şinzo Abe Ýaponiýanyň häzirkisinden has aktiw we tutanýerli daşary syýasat alyp barjakdygyny nygtap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG