Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Iki orsýetli, bir italiýaly alnyp gaçyldy


Siriýada iki orsýetli we bir italiýaly alnyp gaçyldy. Orsýetiň Siriýadaky ilçihanasy, Siriýada hususy kompaniýada işleýän üç adamyň, duşenbe güni Tartus-Homs şaýolynyň ugrunda alnyp gaçylandygyny tassyklaýar.

Ýurduň günbataryndaky Tartus port şäherinde Orsýetiň deňiz bazasy ýerleşýär.

Sişenbe güni, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, alnyp gaçylanlaryň howpsuz boşadylmagy üçin “Siriýada we şu ýagdaýa täsir edip biljek beýleki ýurtlarda ähli möhüm çäreler görüldi” diýip, aýtdy.

Duşenbe güni, Italiýanyň daşary işler ministri hem öz raýatynyň alnyp gaçylandygyny tassyklady. Häzire çenli, bu wakalar bilen baglanşykly, hiç bir topar jogapkärçiligi öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG