Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assanj ýene gizlin dokumentleriň ýaýradyljagyny aýdýar


“WikiLeaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Birleşen Ştatlaryň diplomatik kanallaryna degişli gizlin dokumentleriň ýene nobatdaky tapgyrynyň jemgyýetçilige äşgär ediljekdigini yglan etdi.

Özüniň syýasy gaçybatalga alan ýeri bolan Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynyň balkonyna çykyp penşenbe güni eden beýanatynda Julian Assanj geljek ýyl şeýle dokumentleriň millionlarçasynyň jemgyýetçilige ýaýradyljakdygyny aýtdy.

Şwesiýanyň häkimiýetleriniň Julian Assanja aýal maşgala jynsy taýdan el gatmakda aýyplama bildirip, onuň ekstradisiýa edilmegini talap etmeginiň yzy bilen, Assanj alty aý mundan ozal Ekwadoryň Britaniýadaky ilçihanasyna gaçyp atypdy.

Awstraliýanyň raýaty bolan Assanj özüne bildirilýän bu aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan aýyplama diýip hasaplaýar we Awstraliýanyň häkimiýetlerini özüni goramaýanlykda tankytlaýar.
XS
SM
MD
LG