Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda prezidente bagyşlanan filmler ýaýradylýar


 Prezident Emomoli Rahmona bagyşlanylan ýörite dokumental filmleriň satuwa çykarylan diskleri. Duşenbe, 20-nji dekabr, 2012.
Prezident Emomoli Rahmona bagyşlanylan ýörite dokumental filmleriň satuwa çykarylan diskleri. Duşenbe, 20-nji dekabr, 2012.
Täjigistanda Täze ýyl baýramynyň öňýany “Täjikkino” döwlet kompaniýasy prezident Emomoli Rahmonyň soňky 20 ýylyň dowamynda ýurduň prezidenti hökmünde alyp baran işlerine bagyşlanylan ýörite dokumental filmler toplumyny çykardy.

Onda Emomoli Rahmonyň prezidentliginiň her ýylyna aýratyň bir DWD diski bagyşlanylýar. 27 sany DWD diskini öz içine alýan bu filmlerden galan ýedisi onuň ýurduň dürli pudaklaryny ösdürmekde görkezen rollaryna bagyşlanan.

Bu ýedi sany filmiň hatarynda “Emomoli Rahmon we azyk howpsuzlygy”, “Emomoli Rahmon we energiýa garaşsyzlygy” ýaly filmler-de bar.

Bu diskler häzirki wagt paýtagt Duşenbäniň dükanlarynda we bazarlardaky kiosklarda satuwa çykarylypdyr. 27 diski öz içine alýan gutularyň bahasynyň 270 somdygy (56.7 dollar) aýdylýar.

Duşenbäniň bazarynda söwda edýän hususy söwdegärlerden biri Nasim Zokirow Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeşlikde Täjigistanyň “Täjikkino” kompaniýasynyň wekillerinin bu DWD disklerini getirip, olary satuwa çykarmaklygy talap edendiklerini aýtdy.

Nasim Zokirow: “Ol diskleri satyn almaga bizi mejbur etdiler... Olar diskleriň puluny öňünden aldylar. Ýöne müşderiler bu diskleri alarlykly görnenok” diýip, nägileligini mälim etdi.

“Täjikkino” ret edýär

Täjigistanyň “Täjikkino” kompaniýasy söwdegärleriň bu diskleri satyn almaga we olary satmaga mejbur edilýändigini ret edýär.

Bu kompaniýanyň öz adynyň tutulmagyny islemedik bir wekili ýörite gutularyň her birinde 28 sany DWD diskiniň bardygyny we olaryň satuw bahasynyň 180 som (30 dollar) bolmalydygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň ýerli habarçysy Duşenbe şäheriniň merkezindäki iki sany dükanda bu diskleriň satuwynyň barşy bilen gyzyklananda, ondaky satyjylar adamlaryň bu diskleri satyn almaga bolan isleginiň örän pesdigini we esasy satyn alýanlaryň-da hökümet işgärleridigini gürrüň beripdirler.

Ýerli habarçylar paýtagtyň köçelerindäki adamlaryň köpüsiniň bu 27 diski özlerine mugt beräýenlerinde-de, özleriniň muny almajakdyklaryny aýdandyklaryny belleýärler.

Täjigistanda prezidente bagyşlanan bu filmler kolleksiýasynyň peýda bolmagy ýurduň Döwlet aragatnaşyk gullugynyň 24-nji dekabrdan başlap ýurduň territoriýasynda 131 sany internet saýtyny petiklemek barada karar çykaran döwrüne gabat geldi.

Täjigistanyň aragatnaşyk gullugy özüniň bu kararynyň näme bilen baglanyşyklydygy barada häzirlikçe hiç hili düşündiriş bermeýär. Bu çäräniň prezident Emomoli Rahmon baradaky filmler bilen bäsleşäýjek filmleriň sanyny azaltmak maksadyndan ugur alýandygy ýa almaýandygy hem heniz belli bolman galýar.
XS
SM
MD
LG