Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan: Premýer-ministr asudalyga çagyrýar


Hindistanyň premýer-ministri Monmohan Singh duşenbe güni beýanat ýaýradyp, onda ýurtda birnäçe gün dowam eden tolgunşyklardan soň, adamlary asudalyga çagyrdy.

Nýu-Delide bir awtobusyň içinde ýaş lukman talybyň jynsy zorluklara sezewar edilmeginden soň, gazaply protestler döredi.

Singhiň beýanatynda bellenmegine görä, ýurduň hökümeti aýallary gazaplylykdan goramak üçin tagalla edýär.

Nýu-Deliniň polisiýasy şenbe we ýekşenbe günleri gazaplanan protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy hem ulandy. Hindistanyň köp ýerlerinde protestler geçirildi.

Ýekşenbe güni polisiýa protestçilere garşy ot açanda, telewideniýäniň bir habarçysy öldürilipdi.

16-njy dekabrda 23 ýaşly bir ýetginjek gyz gazaply ýenjilip, soňundan hem zorlanypdy. Demonstrantlar bu işi etmekde şübhelenýän alty adamyň jezalandyrylyp öldürilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG