Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da britaniýaly žurnalistiň deportasiýa edilmegine çagyrýarlar


On müňlerçe amerikalylar Birleşen Ştatlaryň resmilerinden, britaniýaly tele žurnalist Piers Morganyň ýurtdan çykarylmagyny talap edip, arza gol goýdular.

Ol talap, Morganyň ýarag gözegçiligini güýçlendirmeli diýip çykyş edeninden soň has hem güýjedi.

Şol arza Ak tamyň web sahypasynda dolduryldy we eger onda gol sany 25 000-den geçse, Birleşen Ştatlaryň resmileri talaba jogap bermeli bolarlar.

Arzaçylaryň eýýäm 50 000-den gowrak gol toplandyklary aýdylýar.

14-nji dekabrda Konnektikut mekdebinde 26 adam, şol sanda 20 kiçi çaga atylyp öldürildi. Bu waka bilen bagly žurnalist Morgan ABŞ-da ýarag satuwyny berk düzgünleşdirilmegini goldady.

Arzaçylar Morganyň amerikalylaryň hukugyna hüjüm edýändigini we konstitusiýanyň ýarag saklamaga rugsat berýän ikinji kararyny äsgermezlik edýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG