Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaweziň ýagdaýynyň “sähelçe” gowulaşandygyny aýdylýar


Prezident Ugo Çaweziň ýagdaýy Kubada bedeninden rak ösüntgilerini aýyrmak boýunça geçiren operasiýasyndan soň, “sähelçe” gowulaşypdyr. Bu barada Wenesuellanyň resmileri habar berýär.

Çawez häzir Kubada keselhanada ýerleşýär. Onuň 11-nji dekabrdaky geçiren operasiýasyndan soň, ony köpçülikleýin ýagdaýda hiç kim görmedi.

Resmiler, 58 ýaşly Çaweziň geçiren operasiýasyndan soň, dem alyş ýollaryna düşen infeksiýa sebäpli, goşmaça bejergi alýandygyny aýdypdylar.

Bu onuň soňky bir ýarym ýylyň dowamynda bedeninden rak ösüntgilerini aýyrmak boýunça geçiren dördünji operasiýasy boldy.
XS
SM
MD
LG