Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýada täze premýer-ministr tassyklanyldy


Ýaponiýanyň parlamentiniň aşaky öýi Şinzo Abeni ýurduň täze premýer-ministri diýip tassyklady. Abe özüniň Liberal Demokratik partiýasyna üç ýyl ýolbaşçylyk edenden soň, 16-njy dekabrdaky saýlawlarda üstünlik gazanypdy.

Çarşenbe günüň soňuna çenli Abeniň öz hökümetiniň düzümini mälim etmegine garaşylýar. 58 ýaşly Abe soňky alty ýylyň dowamynda ýurduň ýedinji premýer-ministri boldy.

Onuň hökümeti Ýaponiýanyň çökgünlikdäki ykdysadyýetini gaýtadan dikeltmek we regional güýç bolan Hytaý bilen aralaryndaky territorial dartgynlylygyň hötdesinden gelmek ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Abe mundan ozal 2006-2007-nji ýyllar aralygynda ýurduň premýer-ministri bolupdy.
XS
SM
MD
LG