Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Lawrow BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy


Şenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi bilen Moskwada gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen eden çykyşynda Sergeý Lawrow Siriýadaky konfliktleriň gepleşikler arkaly çözülmegi üçin heniz mümkinçikleriň bardygyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol Siriýanyň oppozision koalisiýasynyň prezident Başar al-Assadyň hökümeti bilen gepleşik geçirmekden ýüz öwürmegini “çykalgasyz petik” diýip atlandyrdy. Sergeý Lawrow BMG-niň Siriýa boýunça synçylar toparynyň bu ýurda dolanmalydygyny hem nygtady.

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi özüniň Moskwa edýän bu saparynyň barşynda Siriýada wagtlaýyn geçiş hökümetini döretmek meselesi boýunça öňe sürülýän taslamany Orsýetiň goldamagy ugrunda tagalla eder diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG