Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Delide jynsy zorlukda öldürilen gyzyň ýasy tutulýar


Ýekşenbe güni Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde köpçülikleýin jynsy taýdan zorlanyp we awtobusdan zyňlyp öldürilen 23 ýaşly gyzyň kremasiýa-jaýlanyş çäresi gurnaldy.

Bu ýas çäresine bu heläk bolan gyzyň dogan-garyndaşlary bilen birlikde köpsanly hökümet resmileri-de gatnaşdylar.

Bu ýaş student gyz geçen hepdäniň penşenbe güni gyssagly bejergi üçin Singapura alnyp gidilipdi. Ýöne şenbe güni irden ol Singapuryň keselhanasynda aradan çykdy.

Singapuryň lukmanlary bu gyzyň beden organlaryna we beýnisine salnan ýaralaryň juda çynlakaýdygy sebäpli, onuň ömrüni halas edip bolmandygyny aýdýarlar.

16-njy dekabrda hindistanly bu student gyzyň alty sany erkek kişi tarapyndan awtobusda jynsy taýdan zorlanmagy, ýenjilmegi we awtobusdan zyňylmagy bilen bagly bolan bu waka paýtagt Nýu-Delide uly gerimde protest çykyşlarynyň möwç almagyna sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG