Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Hageli Pentagonyň başlygy wezipesine hödürlemekçi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama öňki respublikan senator Çak Hageli ýurduň goranmak ministri wezipesine hödürlemekçi. Habar serişdeleriniň ýokary resmilere salgylanyp ýaýradan maglumatynda, Obamanyň Hagel barada karara gelendigi we muny duşenbe güni yglan etjekdigi aýdylýar.

Ýöne Ak Tamyň gün tertibine görä, duşenbe güni Obamanyň köpçüligiň öňünde çykyşy göz öňüne tutulmandyr.

Goranmak ministr Leon Panettanyň aýtmagyna görä, haçanda Obama 20-nji ýanwarda ikinji prezidentlik möhletine girişinden soň, ol öz wezipesinden gitmekçi.

66 ýaşly Hagel Wietnam urşunyň weteranydyr. Ol Ysraýyly tankytlamagy we Eýran bilen dialogy ýola goýulmagyň tarapdary hökmünde çykyş etmegi bilen tanalýar.
XS
SM
MD
LG