Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Google"-yň başlygy we Riçardson Phenýanda


"Google"-yň başlygy we Riçardson Phenýanda
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:01 0:00

"Google"-yň başlygy we Riçardson Phenýanda

"Google" kompaniýasynyň ýerine ýetiriji başlygy Erik Şmidt bilen Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky öňki ilçisi Bill Riçardson dört günlük sapar bilen Demirgazyk Koreýa bardylar.

Riçardson duşenbe güni, Pekinden Phenýana uçmazdan öň, žurnalistlere özüniň we Şmidtiň Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň hökümetiniň tarapyndan hiç hili resmi habar alyp barmaýandyklaryny aýtdy: "Bu bir hususy gumanitar missiýa, amerikan hökümeti bilen ilteşikli däl. Biz amerikan hökümetiniň wekilleri däl. Maksat ynsanperwerlik, Demirgazyk Koreýadaky ykdysady ýagdaýa baha bermek, şeýle hem tussaglykda saklanýan bir amerikaly barada pikir alyşmak. Demirgazyk Koreýanyň raketa işlerini dowam etdirmegi meni aladalandyrýar. Biz olaryň ýadro işlerini çäklendirmegini isleýäris. Ol ýere şu temany gozgamak üçin barýarys. Biz şahsy raýatlar, amerikan hökümetine wekilçilik edemzok",

Ozal dürli meseleler barada Demirgazyk Koreýa bilen gepleşik geçiren Riçardson sapardan ýene bir maksadyň – öten ýyl Demirgazyk Koreýa tarapyndan tutulan amerikaly Kennet Baeýiň boşadylmagyny gazanmakdygyny bildirdi: "Biz maliýe ýagdaý, gumanitar ýagdaý, şeýle hem Demirgazyk Koreýada tussaglykda saklanýan amerikaly barada pikir alşarys. Men bu tussagyň ogly bilen gürleşdim. Ol kakasyny alyp gaýtmaga synanyşmagymy isleýär. Biz bu aňsat bolar diýip pikir edemzok. Ýöne ony görüp, ýagdaýyndan habar almaga synanyşmakçy. Bu saparyň beýleki gumanitar tarapy şu".

Ak Tam Phenýan öten aý uzak aralyga ýetýän raketany synap görensoň, entek köp wagt geçmänkä edilýänligi üçin, bu sapary tankytlady.

"Google" kompaniýasynyň başlygy Şmidtiň Demirgazyk Koreýa näme üçin barýandygy belli däl.

Riçardsonyň aýtmagyna görä, delegasiýa Demirgazyk Koreýanyň syýasy, ykdysady we harby ýolbaşçylary bilen duşuşar hem-de birnäçe uniwersitete baryp görer.

Riçardson "Google" kompaniýasynyň ýerine ýetiriji başlygynyň Demirgazyk Koreýanyň ykdysadyýeti we jemgyýetçilik mediasy bilen ýakyndan tanyşmak isleýändigini aýtdy.

"Google" kompaniýasynyň halkara derejesinde giňemegine gözegçilik eden Şmidt dünýäniň ilatyny internet elýeterliligi we tehnologiýa bilen üpjün etmegiň tarapdary.

Demirgazyk koreýalylaryň aglabasyna diňe içki internet sistemasy elýeterli. Internetden peýdalanmak üçin ýurtda henizem zabun düzgünler bar, diňe resmi taýdan ygrarlygy tassyklanan adamlara internetden peýdalanmaga rugsat edilýär.
XS
SM
MD
LG