Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň nebit kompaniýasy 2012-nji ýylyň eksport sanlaryny çap etdi


Azerbaýjan respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy 2012-nji ýylyň nebit eksportuna degişli käbir görkezijileri çap etdi.

Döwlet nebit kompaniýasy duşenbe güni özüniň 2012-nji ýylda Türkiýäniň Jeýhan port şäheriniň üstünden, Baku-Tbilisi-Jeýhan geçirijisi arkaly 20.2 million tonna nebit eksport edendigini aýtdy.

2011-nji ýylda 22.97 million tonna nebit eksport edilipdir. Baku-Nowosibirsk geçirijisi arkaly edilýän nebit eksporty 2012-nji ýylda 3.8% artyp, 2.064 million tonna bolupdyr.
XS
SM
MD
LG