Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Filippinlerde katolikleriň çäresinde azyndan 120 adama şikes ýetdi


Filippinlerde katolikleriň her ýyl geçirýän çäresinde azyndan 120 adam ýaralandy.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, çarşenbe güni 500 müňe golaý adam Manilanyň Rizal meýdançasyndan ýörişe başlapdyr. Günüň dowamynda bu çärä gatnaşýan adamlaryň 1 milliona çenli artmagyna garaşylýar.

Adamlar 1606-njy ýylda Ispaniýadan Filippenlere getirilendigi aýdylýan Ysa Mesihiň ýadygärligine zyýarat edýärler. Her ýyl geçirilýän bu çärede adamlar ýadygärligi elläp bilmek üçin özara dyknyşýarlar. Käbirler bolsa, ýadygärligiň kesellerden bejerýändigine ynanýar.
XS
SM
MD
LG