Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Hatyra güni bellenilip geçilýär


Şenbe güni, 12-nji ýanwarda Türkmenistanda Hatyra güni bellenilip geçilýär. Hatyra gününi Gökdepe urşunyň we tragediýasynyň ýyl dönümine gabatlap 12-nji ýanwarda bellemeklik 1991-nji ýylyň ýanwaryndan resmi ýagdaýda ýola goýulypdy.

Ýöne bu çäräni ilkinji gezek bellemek inisiatiwasy bilen şol wagtky “Agzybirlik” oppozision guramasy çykyş edip, şeýle hatyra çäresini ilkinji gezek 1990-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda belläp geçipdi.

Türkmenistanyň şol wagtky resmi häkimiýetleri muňa garşy çykan-da bolsalar, aradan bir ýyl geçip, Hatyra gününi bellemek çäresi resmi ýagdaýda ýola goýlupdy.

Şeýlelikde, Hatyra güni ozaly bilen Gökdepe galasynyň 1881-nji ýylda rus patyşa goşunlary tarapyndan rehimsizlik bilen syndyrylyp, türkmen topragynyň Rus imperiýasyna güýç bilen boýun egdirilen güni hökmünde alamatlanýar.

Bu ýyl hem Hatyra güni Gökdepe galasynda aýratyn uly gerimde bellenilip geçildi. Oňa ýerli ýaşaýjylar bilen birlikde hökümet resmileriniň, dürli edara-kärhanalaryň we okuw jaýlarynyň wekilleriniň-de gatnaşandyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG