Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilkinji Hatyra gününi biz nädip gurnadyk?


1990-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Gökdepe galasynda resmi rugsat berilmezden gurnalan ilkinji Hatyra gününde alnan suratlardan biri. Gökdepe, 14-nji ýanwar, 1990.
1990-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Gökdepe galasynda resmi rugsat berilmezden gurnalan ilkinji Hatyra gününde alnan suratlardan biri. Gökdepe, 14-nji ýanwar, 1990.
Gökdepe tragediýasyny ýatlap, Hatyra gününi geçirmek baradaky karar 1989-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Aşgabat şäheriniň 14-nji mekdebinde “Agzybirlik” guramasynyň geçiren mitinginde kabul edilipdi.

Emma Hatyra gününin bellenmegine TKP-niň, yagny Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň birinji sekretary Saparmyrat Nyýazow garşy boldy. Ol munuň öňüni almak üçin dürli administratiw çärelere baş goşdy.

TKP-niň Gökdepe raýkomy, ýagny raýon partiýa komitetiniň birinji sekretary Juma Keçe raýonyň çäginde ýaşaýanlaryň biriniňem Hatyra gününe barmazlygy üçin gorkuzmakdan başlap, tireparazlyga çenli bolup biläýjek çäreleriň hemmesini ulandy.

Şu zatlaryň netijesinde bu hatyra çäresine diňe bir hökümetiň ýerine ýetiriji administratiw strukturalarynyň ýolbaşçylary däl, eýsem käbir alymlaram gatnaşmady, hatda olar muňa aç-açan garşy çykdylar.

Taryhy protokol

“Agzybirligiň” 1989-njy ýylyň 22-nji dekabrynda geçiren ýygnagynda akademik Bibi Pälwanowanyň eden çykyşy bu aýdylanlara doly şaýat. Ynha, şol ýygnagyň protokolyndan ýazylyşy ýaly göçürme:

“Aman Goşaýew ‘Agzybirlik’ jemgyýetiniň adyndan türkmen halkyna ýüzlenme (geçiriljek Hatyra gününe gatnaşmaga çagyryş) okaýar.

Nurberdi: Ýüzlenmäni diňlediňiz. Pikiriňizi aýdyň, muny halka ýetirmeli. Bize kömek gerek gazetlerde çap eder ýaly.

Akademik Bibi Pälwanowa: geçirilmeli iş nähili formada bolmaly?

Nurberdi: Ilki bilen uruşda şehit bolanlara aýat okalmaly. Onsoň miting geçirilmeli. Şol mitingde hem geljekde Gökdepe galasy boýunça edilmeli işler kesgitlenmeli. Halka maslahat salmaly.

Bibi Pälwanowa: Bir işi geçirmekden öň meseläni öwrenmeli, bilmek gerek. Hakykady bilmeli özüňize ýarasa-da, ýaramasa-da. Gökdepe bilen baglanyşykly taryhy Myrat Annanepesow gowy bilýär. Ýöne ol häzir Moskwada.


Russiýanyň günortasynda dag bilen deňiz ýokdy, şonuň üçin ol serhedini günortadaky daglara çenli giňeltmeli bolýar
Bibi Pälwanowa

Ol sözüni ýene şeýle dowam etdirýär:

19-njy asyrda Russiýanyň öňünde duran mesele – günorta araçägi berkleşdirmek bolup durýardy. Olaryň Orta Aziýany basyp almak niýeti ýokdy. Her döwletiň serhedi dag, deňiz ýaly tebigy päsgelçiliklere direnmeli, şeýle dälmi, Agajan Geldiýewiç? (Muňa Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti Babaýew Agajan Geldiýewiç baş atýar). Russiýanyň günortasynda bolsa dag bilen deňiz ýokdy. Şonuň üçin Russiýa serhedini günortadaky daglara çenli giňeltmeli bolýar.

(Zalda şowhun dörände, Nurberdi: “diňläliň, adamlar!” diýip, zala ýüzlenýär).

Ýöne şeýle mesele çözülýän wagty iňlisler goşulýar. Iňlisler gündogarda syýasatyny artdyrýarlar. Hywa, Buhara halklary bilen iňlisleriň arasynda gatnaşyk gowulaşýar. Muny görüp, (orslar) serhedi berkleşdirmegi karar edýärler. Skobelew türkmen halkyny gyrmak islemändir. Ol birnäçe gezek ýörite baryp, türkmenlere ýüzlenipdir. Türkmenler ony diňlemändirler.

(Zalda şowhun).

Nurberdi: (kinaýa bilen) türkmeniň oňaýsyz ýerde ýerleşendigini öňem bilýärdik-le… Wezipe eýeleýän adam ilki bilen öz halkynyň, ynsabynyň öňünde jogap bermeli, soň özünden ýokarky wezipeliň öňünde. Ýöne biziň wezipelilerimiz beýle etmeýär. Gaharyňyzy örkläweriň, adamlar. Çykyş edeniň aýal maşgaladygynam unutmaň!”
(protokol ýazgysyndan göçürmäniň soňy).

Çekeleşikden soň

Bu gysga çekeleşikden soň, men žurnalist Täçgeldi Gutlyýewe, soňam medisina institutynyň dosenti Hojanepes Halnepesowa söz berdim. Olar Bibi Pälwanowna ýüzlenip, janyýangynly çykyş etdiler. Şondan soň, ýygnak gün tertibiniň çäklerinde işjeň hem asuda dowam etdi. Edilmeli işler, geçirilmeli çäreler kesgitlendi.

Geçiriljek Hatyra gününiň öňüsyrasyndaky radio çykyşynda Saparmyrat Nyýazow Gökdepe galasyna baranlaryň tussag astyna alynjagyny ýäňzytdy. Türkmen telewideniýesinde käbir ýazyjylaryň hem-de güýç strukturalarynyň işgärleriniň gatnaşmagyndaky gurnalan tegelek stol gepleşiginde bolsa, geçiriljek Hatyra güni barada gowulykdan başga zatlaryň barysy aýdyldy.

Gökdepe galasynda gurnalan ilkinji Hatyra gününde alnan suratlardan biri. Gökdepe, 14-nji ýanwar, 1990.
Gökdepe galasynda gurnalan ilkinji Hatyra gününde alnan suratlardan biri. Gökdepe, 14-nji ýanwar, 1990.
Tegelek stola gatnaşan içeri işler ministriniň orunbasary Döwletow geçiriljek Hatyra gününe baranlaryň şol ýerde tussag astyna alynjagyny aýtdy.

Şol günüň ertesi şahyr Şiraly Nurmyrat hem Mämmet Sähet üçümiz S.Nyýazowa “Agzybirlik” halk hereketiniň agzalan çykyşlara protest hatyny tabşyrmak üçin Merkezi Komitetiň jaýyna bardyk. Nyýazow, geçirýän ýygnagyny bahanalap, bizi kabul etmedi. Onuň deregine biziň bilen içeri işler ministri general Grinin gürleşdi.

Grinin biziň talaplarymyza jogap edip, eger-de geçiriljek Hatyra güni jemgyýetçilik düzgünleriniň bozulmagyna ýol berilmese, Içeri işler ministrliginiň geçiriljek çärä gatyşmajagyna söz berdi, orunbasary Döwletowyň teleçykyşy üçin bolsa, ol ötünç sorady.

Hatyra çäresinde

Hatyra çäresini biz adamlaryň dynç alyş gününe gabatlap ýekşenbe güni, 14-nji ýanwarda gadymy Gökdepe galasynyň ýerleşen ýerinde gurnadyk. Hatyra çäresine gatnaşmaga ýurduň hemme künjeklerinden gelen adamlaryň sany, KGB-niň ýaşyryn hasabatyna görä, 10 müňden hem geçipdir. Hatyra gününde okaljak umumy aýat-jynazanyň ymamlygy Gökdepe urşunda türkmenlere ýolbaşçylyk edenleriň biri Gurbanmyrat işanyň agtygy Han işana ynanylypdy.

Dekabryň 10-laryna Şiraly hem Gurban goňur üçümiz geçiriljek Hatyra gününiň guramaçylyk işleri bilen Gökdepä aýlanyp gaýdanymyzda, Han işanyňam ýanyna baryp, onuň ak patasyny alypdyk.

Şonda ol: “Wah, on-ýigrimi ýyl öňräk geçiren bolsaňyz, menem siz bilen dyzanaklaşardym, emma indi beýle işlik gurbat galmandyr mende. Ýöne şol gün yzymdan maşyn iberseňiz, ymam bolup bererdim diýdi. Şonuň üçin, Gökdepe galasynyň demirgazyk tarapyndaky düzlüge baranymyzdan, Gurban goňury Han işanyň öýüne iberdim. Emma Gurban goňur gidişi ýaly, ýeke geldi. Ol: “Han işan gorkuzylypdyr” diýdi.

Şunlukda, “Agzybirligiň” çärelerine gatnaşyp ýören Halmyrat molla aýat-jynazaň ymamy bolup berdi. Soň miting geçirildi. Mitingde çykyş edenler türkmeniň taryhy, 19-njy asyr watançylyk uruşlary barada gürrüň etdiler.

Gökdepe urşunda wepat bolanlaryň ibaly jaýlanmandyklaryny ýatladylar: Gökdepe urşunyň iň soňky güni rus goşuny wepat bolanlary jaýlaman, oňa derek ýesirlikden boşadylan parslara wepat bolan türkmenleriň üstüne gum sürmeklik tabşyrylypdyr, galanyň düýbünde ýogalanlaryň üstlerine galanyň ýokarky bölegini ýykdyrdyp, gömdüripdirler. Häzirem galanyň içinde hem daşynda güne ýanan adam süňkleri tapylyp durdy.

Mitingde gelnen kararlar

Gökdepe galasynyň ýerleşen ýerinde gurnalan şol günki mitingde birnäçe karar kabul edildi. Olar aglaba şu aşakdakylardan ybarat boldy.

Hatyra gününiň her ýylyň ýanwar aýynyň 12-sine bellenilýän döwlet çäresine öwrülmegini gazanmak;

Geljekde Hatyra gününi ýeke Gökdepe urşunda wepat bolanlaryň ýas güni hökmünde däl-de, milletbaşylarymyzyň, ata-babalarymyzyň Parfiýa döwletiniň taryhyndan gaýdýan edermenlikleriniň kostýumlaşdyrylan sahnalary bilen utgaşdyrylan türkmeniň däp-dessuryny, döredijiligini, sungatyny hem sport oýunlaryny häsiýetlendirýän çäreler toplumy hökmünde geçirmekligi gazanmak;

Galanyň içine ekdirilen üzümçiligi aýyrtmaklygy gazanmak;

Galanyň içinde Panteon gurlyp, onda galanyň içinde hem daşynda jaýlanylman galan jesetleri hem jeset galyndylaryny ýygnap, doganlyk mazarynda jaýlamaklygy gazanmak;

Gadymy galanyň çäklerinde aýlow-stadion gurulmagyny-da döwlet derejesinde gazanmak karar edildi.

Döwlet emeldarlary görünmedi

Hatyra çäresinde döwlet strukturasynda ýokary wezipe eýeleýän ýekeje adamam görünmedi. Oňa derek agtyjagyny idekledip, Eziz hanyň ogly Hommat aga, ençeme çarşenbäni başdan geçiren watançy hem alym Aşyrpur Meredow ýaly tanymal adamlar geldi.

Şol gün Gökdepe galasynyň ýerleşen ýerinde gurnalan bu sadaka çäresinde Türkmenistanyň hemme künjeklerinden gelen adamlara duşsa bolýardy. Olar Diňli depä, galanyň partladylan ýerlerine aýlanýardylar, aýat-töwür edýärdiler. Lebapdan gelen selleli bir ýaşuly bolsa, adamlara aýat okap berýärdi. Şol ýaşulynyň iň soňkularyň biri bolup galadan maşina münüp gaýdanyny görüp galdym.

Hatyra güni geçirilenden soň, bir zady bilip galdyk: şol gün döwletiň güýç strukturalary birinji söweşjeň ýagdaýa geçirilip, Gökdepede – demirýoluň günorta tarapynda güýç strukturalarynyň 7500 esgeri söweşjeň ýagdaýda saklanypdyr.

Moskwadaky Merkezi telewideniýäniň “Wzglýad” teleýaýlymynyň žurnalisti Dmitriý Syçýowyň aýtmagyna görä, geçirilen Hatyra gününi ol Aşgabatda egindeş esgerleri bilen bronetransportýorlarda birinji söweşjeň ýagdaýda geçiripdir. Ol şol döwür Aşgabatda Orta Aziýa serhet gullugynyň uprawleniýesindäki “Pograniçnik” gazetiniň redaksiýasynda gulluk edýän eken. Ol bu habary birneme soňra menden “Wzglýad” programmasy üçin interwýu almaga öz topary bilen Aşgabada gelende aýdypdy.

Akademiýadaky garpyşyk

Hatyra gününiň ertesi irden geçirilmeli Ylymlar Akademiýasynyň prezidiumynyň giňişleýin ýygnagynyň gün tertibinde “Agzybirlige” degişli punktuňam barlygy sebäpli, ýygnaga “Agzybirligiň” prawleniýe agzalarynam çagyrypdyrlar.

Aman Goşa jaň edende, men öýde gyzdyryp ýatyrdym. Ýygnakda “Agzybirligiň” Ylymlar Akademiýasynyň saýasyndan çykaryljagy ikuçsyzdy, bu şeýle bolaýmalamdy. Ýatladyp geçsem, “Agzybirlik” Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýanyndaky türkmen dili baradaky aýratyn bir jemgyýetçilik gurama hökmünde 1989-nji ýylyň 4-nji dekabrynda resmi hasaba alnypdy.

Men, ýarowsyzlygym sebäpli baryp bilmejegimi aýtsamam, barmaly boldum – haýyş edipdirler.

Gökdepe galasynda gurnalan ilkinji Hatyra gününde alnan suratlardan biri. Gökdepe, 14-nji ýanwar, 1990.
Gökdepe galasynda gurnalan ilkinji Hatyra gününde alnan suratlardan biri. Gökdepe, 14-nji ýanwar, 1990.
Akademiýanyň prezidiumynyň zalyna giremde, akademikleriň biri “Agzybirligiň” alyp barýan işleriniň Akademiýanyň çygryna sygmaýandygy barada çykyş edip duran eken. Ýanyma Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti akademik Agajan Babaýew gelip, meniň çykyş etmek islegim barada sorady.

Men oňä “Yene iki çykyşdan soň söz beräýiň” diýdim. Indiki çykyşlaram üýtgeşik bolmady – oratorlar öz pikirleri boýunça däl-de, buýruk boýunça çykyş edyan yalydylar.

Men taryh institutynyň direktorynyň yzyndan çykyş etmeli boldum. Intelligensiýa, jemgyýetiň intelligensiýa gatlagynyň durky hem intelligentlik barada çykyş etmeli boldum. Eýsem, haýbatlara döz gelip bilmän, “dogmasyny ýuwundysy bilen zibile serpip duranlara” intelligentler diýip bolarmy?! Men intelligensiýa barada şu terzde gürrüň etdim.

“Siziň öňüňizde Türkmenistanyň ylmynyň naýybaşy adamlary otyrka, siz nädip ‘Türkmenistanda intelligensiýa jemgyýetçilik gatlagy hökmünde formalaşyp bilmedi’ diýip bilýäňiz?” diýip, zaldan “degnasyna deglen” bir adamyň soragy berildi.

Men bu soraga: “Men ylalaşýaryn. Meniň öňümde Türkmenistanyň ylmynyň naýbaşy adamlary otyr. Ýöne, ylym intelligentligiň, bolup bilse, düzümindäki bir närse. Intelligentlik üçin bolsa gaýrat hem graždan pozisiýasy ýaly has degerli zatlar gerek” diýen terze jogap berdim.

Çykyşymyň dowamynda TKP Merkezi Komitetiniň sekretary Hudaýberdi Durdyýewiňem, partiýanyň şäher komitetiniň sekretarynyňam soraglaryna jogap bermeli boldy.

Çykyşlar magnitofona ýazylýardy. Meniň pikirimçe, bizi çaga uran ýaly etmek islediler, emma maksatlaryna ýetmediler. Akademiýanyň düzüminden çykmak bolsa, “Agzybirligiň” özi üçin zerurdy.

“Agzybirligiň” täze statusy

Ylymlar Akademiýasyndaky ýygnagyň ertesi güni akademikleriň ikisi ýanyma gelip, özlerine gadagan edilen meseleler barada aýdan pikirlerim üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Şonda kabinetine girip barýan taryh institutynyň direktory meniň koridordan gelýänimi görüp, aýak çekdi-de, deňine baramda, intelligentlik barada gürrüň açdy. Ol: “Meniňçe, intelligentlik – sowatlylyk” diýip, sözüni soňlandan, menem: “Dogry aýdýaňyz, ýöne üstüne haýkyrylanda, hywa tarapdan ýel goýbermezligem goşaýsaňyz” diýenimden, ol hoşlaşman, kabinetine girip, bat bilen gapyny ýapdy.

Şunlukda, 1989 ýylyň 4-nji dekabrynda Ylymlar Akademiýasynyň saýasynda türkmen dili baradaky aýratyn jemgyýetçilik gurama hökmünde resmi hasaba alnan “Agzybirlik” jemgyýetçilik guramasy 1990-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Ylymlar Akademiýasynyň düzüminden çykaryldy we resmi statusy ýatyryldy.

Gökdepe urşuny yatlamak baradaky tagallasy bolsa, resmi statusy diňe bir aý on bir gün dowam eden bu guramanyň yatda galjak ädimlerinden biri hökmünde taryha girdi.

Özüniň resmi statusy ýatyrlandan soň, “Agzybirlik” syýasy halk hereketi hökmünde hereket edip başlady.

Nurberdi Nurmämmedow Türkmenistanda resmi hasaba alnyp, soňra hasapdan çykarylan ilkinji oppozision “Agzybirlik” halk hereketiniň ýolbaşçysy. Blogda öňe sürülen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG