Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Adalatly saýlawlara çagyryş edilýär


Täsirli dini ruhany Muhammad Tahir-ul-Kadriniň tarapdarlarynyň on müňlerçesi Yslamabadyň merkezinde demonstrasiýa geçirýär. Yslamabat, 16-njy ýanwar, 2013.
Täsirli dini ruhany Muhammad Tahir-ul-Kadriniň tarapdarlarynyň on müňlerçesi Yslamabadyň merkezinde demonstrasiýa geçirýär. Yslamabat, 16-njy ýanwar, 2013.
Çarşenbe güni pakistanly täsirli dini ruhanylardan biri Muhammad Tahir-ul-Kadri Yslamabatda hökümete garşy gurnalan demonstrasiýada eden çykyşynda parlament saýlawlarynyň geçirilişinde reformalaryň bolmalydygyny, emma saýlawlaryň yza süýşürilmeli däldigini nygtady.

Pakistandaky parlament saýlawlary, kanuna laýyklykda, şu ýylyň 17-nji maýyna çenli geçirilmeli.

Dini ruhany Muhammad Tahir-ul-Kadri paýtagt Yslamabatda yzygiderli üç günläp gurnalan demonstrasiýanyň üçülenji güni Twitter arkaly ýaýradan maglumatynda Pakistandaky parlament saýlawlarynyň ýakyn 90 günüň içinde gurnalmalydygyny nygtapdyr.

Çarşenbe güni protestçileriň öňünde eden çykyşynda ol Pakistanyň ýakyn taryhynda ilkinji graždan administrasiýasy hökmünde ýurdy dolandyrýan häzirki hökümetiň ýurduň ilatynyň ýaşaýşyny gowulandyrmak ugrunda zerur reformalary durmuşa geçirmän, öz wagtyny ýele sowrandygyny aýtdy.

“Siziň ygtyýaryňyzda doly 5 ýyl wagt boldy. Indi siz möhletiňizi tamamladyňyz. Siziň ýasama mandatyňyz tamamlandy, emma siz hiç bir iş bitirmediňiz. Indi siz ýasama saýlawlar arkaly ýene häkimiýet başyna kezzap adamlary getirmek isleýärsiňiz. Siz parlamenti ýene öz kontrollygyňyza almaga häzirlenýärsiňiz. Hut şu sebäpdenem bütin millet köçä çykdy” diýip, ruhany Muhammad Tahir-ul-Kadri nygtady.

“Parlamentde ogrular bar”

Şeýle hem, Muhammad Tahir-ul-Kadri öz çykyşynda parlamentiň içinde “ogrularyň” bardygyny aýdyp, olary ýurduň puluny Pakistanyň daşyna galp ýollar arkaly çykarmakda aýyplady.

Ol demonstrasiýa ýygnanan öz yzyna eýerijilere “Siziň arzuwyňyz ýakynlaşýar” diýmek bilen, olary öz talaplaryny tutanýerlilik bilen dowam etdirmeklige çagyrdy.

Ol pakistanly ozalky kriket ýyldyzy we belli oppozision syýasatçysy Imran Khany-da özleriniň bu protestine goşulmaga çagyrdy.

Şu hepdäniň başynda Pakistanyň “Adalat ugrundaky hereket” partiýasynyň lideri Imran Khan hem prezident Asif Ali Zardarini wezipeden çekilmäge hem-de parlament saýlawlarynyň anyk möhletini bellemäge çagyrypdy.

Täsirli dini ruhany Muhammad Tahir-ul-Kadri ençeme ýyllap Kanadada ýaşanyndan soň, ýakynda Pakistana dolanypdy. Ol özüne Pakistanyň harby toparlarynyň arka berýändigi barada aýdylan garaýyşlary ret etdi.

Habar agentlikleri onuň hökümete garşy media kampaniýasy üçin sarp edýän uly möçberdäki çykdajylaryny öz kisesinden toläp biljekdigini ýa bilmejekdigini sorag astynda goýupdylar.
XS
SM
MD
LG