Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran ýadroçy inspektorlary Parçine goýbermeýär


Halkara ýadro inspektorlary Tähranda bolan iki günlük gepleşiklerde Eýranyň dawaly ýadro işlerini derňemek barada ylalaşyga gelip bilmändiklerini aýtdylar.

Halkara atom energiýasy gullugy Tähranyň günorta-gündogaryndaky Parçin kompleksine barmaga rugsat almak isleýär.

Tähran bu ýerde ýadro ýaraglaryny edinmek bilen bagly synaglary geçirmekde güman edilýär.

Halkara atom energiýasy gullugynyň başlygynyň orunbasary Herman Nakarts öz inspektorlarynyň Parçine baryp görmeginiň ýene-de ret edilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG