Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýada prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär


Anna güni Çehiýa Respublikasynda prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry başlandy. Saýlawlaryň ikinji tapgyry anna we şenbe günleri geçiriler.

11-12-nji ýanwarda geçirilen birinji tapgyr saýlawlarda Çehiýanyň ozalky premýer-ministri Milos Zeman bilen häzirki daşary işler ministri Karel Şwarsenberg iň köp ses alan iki kandidat hökmünde ikinji tapgyra çykypdylar.

Şeýlelikde, ses berijiler ikinji gapgyrda şu iki dalaşgärden birini saýlarlar.

Munuň özi Çehiýada saýlawçylaryň göni ses bermeginde geçirilýän ilkinji prezidentlik saýlawlarydyr. Mundan ozal ýurduň prezidenti parlament tarapyndan saýlanýard.

Täze saýlanjak prezident indi iki möhlet prezidentlik wezipesinde oturan Waslaw Klausyň ornuna geler.
XS
SM
MD
LG