Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Skype nä derejede ygtybarly?


Skype programmasynyň emblemasy.
Skype programmasynyň emblemasy.
Adam hukuklaryny goraýjylar we aktiwistler hökümetiň yzarlamalaryndan howatyr edýärler. Öý we mobil telefonlarynda açyk we erkin gürleşmeli däldigini adamlar has öňräk düşündiler.

Sebäbi ýerli liniýalar we mobil sistemalary rehimsiz hökümetlere telefonlary diňlemek üçin çäksiz köp mümkinçiligi berýär. Bu, esasanam, hökümetiň dolandyrýan ýa-da hökümet bilen işleşýän kompaniýalarda şeýle bolýar.

Ýöne köp adamlaryň howpsuz hasaplaýan internet telefon hyzmatlary, dogrudanam, howpsuzmy?

”Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň sanly sistemalar we şahsylyk boýunça eksperti Gregori Pouget munuň bir wagtlar dogry bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar häzirki wagtda adamlaryň internet telefony arkaly eden gürrüňdeşlikleriniň subutnama hökmünde ulanylyp, türmä basylýandyklaryny ýa-da jogapkärçilige çekilýändiklerini hem belleýärler.

Pouget: “Orsýetdäki we Belarusdaky žurnalistler bize özleriniň skype gürrüňdeşlikleri bilen tutulandyklaryny aýdýarlar” diýýär.

Skype internet arkaly hödürlenýän telefon hyzmatlarynyň arasynda iň ulularynyň biri hasaplanýar we onuň dünýä boýunça 600 milliondan gowrak ulanyjysy bar.

Zyýanly programmalar

Pouget internet telefon hyzmatlarynyň ejizlemeginiň sebäbiniň soňky döwürde köpelýän ýörite zyýanly programmalardygyny we ol programmalaryň telefon hyzmatlaryny nyşana alýandygyny aýdýar.

Pouget: “Birnäçe ýüz dollara siz zyýanly programmany satyn alyp, ony skype ulanýanlaryň kompýuterine ugradyp bilersiňiz. Zyýanly programma e-meýldan ugradylýar, eger [şonda ulanyjy] hat bilen goşulyp ýollanan faýly bassa, onda zyýanly programma onuň kompýuterine girýär. Mundan soň programmanyň üsti bilen şol ulanyjynyň skype gürrüňdeşliklerini we hatlaryny hem-de skype ulanýan adamyň ähli hasaplaryny ýazga geçirip bolýar”.

Häzir awtoritar hökümetler internetiň möhümdigine we hiç bir zadyň doly ygtybarly bolup bilmejegine göz ýetirdiler.

Bu artýan howp barada skype we ony ulanyjylaryna duýdurmak üçin ”Serhetsiz reportýorlar” we adam hukuklaryny goraýjy birnäçe gurama ineternet-telefon läheňine geçen aý açyk bir hat ýolladylar.

Ol hatda skype, öz hyzmatyndan peýdalanyp telefonda gürleşýänleriň söhbetdeşlikleriniň näderejede goraglydygy barada anyk maglumat bermäge çagyrylýar. Skype kompaniýasynyň eýesi Microsoft žurnalistlere hatyň öwrenilýändigini aýtdy, ýöne bu hat boýunça köpçülige jogap bermedi.

“Hiç kim sizi diňläp bilmez”

Düýbi Londonda ýerleşýän Tehnologiýalar boýunça halkara guramanyň işgäri Sam Smit skype programmasynyň öň goragly hasaplanandygyny aýdýar. Sebäbi skype 2005-nji ýylda habar serişdelerine “hiç kim sizi diňläp bilmez” diýip, söz beripdi. Ýöne Smitiň aýtmagyna görä, Microsoft 2011-nji ýylda skype kompaniýasyny 8 ýarym milliard dollara satyn alaly bäri, ol beýle wadalary bermegi bes etdi.

Smit: “Biziň has köp isleýän zadymyz ygtybarlylyk, sebäbi 2005-nji ýylda skype ‘sizi hiç kim diňläp bilmez' diýdi. Şondan soň adamlar ony has ýygjam ulanyp başladylar, sebäbi ol arzandy, mugtdy we goraglydy. Eger bu zatlar üýtgän bolsa, ony ulanyjylaryň belli bir netijä gelmegi üçin ýagdaýyň nähilidigini bilmeli”.

Skype ulanyjylar jogaba garaşýan mahaly käbir ekspertler aktiwistlere interneti nähili ulanýandyklary barada köpräk oýlanmagy maslahat berýärler.

Pouget: “Belki, siz öz-özüňizden ‘maňa skype arkaly gürleşmek hökmanmy, men çat ulanyp hat alyşsam bolmazmy?’ diýen soragy berersiňiz. Eger siziň üçin, çap edip, hat ýazyşmak ýeterlik bolýan bolsa, siz amatly usullary, ýagny bar ýazýan zatlaryňyzy kodlamagy saýlarsyňyz”.

Ekspertler internet ulanyjylara hyzmatlary hödürleýänleriň maglumaty goramak düzgünlerine we eger hökümetler goralýan maglumaty açmagy sorasalar, nähili jogap berjeklerine dykgat etmegi maslahat berýärler.

Smit ol düzgünleri bilmekligiň möhümdigini aýdýar. Sebäbi internet hyzmatlaryny hödürleýänler maglumatlary elýeterli etseler, hat-da kodlanan maglumatlaram aňsatlyk bilen paş edilip bilner.

Internetdäki maglumatlaryň elýeterliligini hökümetler näderejede we nähili ýagdaýlarda talap ederler? Bu soraglar internet hyzmatlaryny hödürleýänler bilen hökümetleriň arasynda jedelli mesele bolup galýar. Ýagadaýlar internet kompaniýalarynyň we ýurtlaryň arasynda-da tapawutly bolup galýar.
XS
SM
MD
LG