Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Latifanyň kakasy haýbatlar barada


Latifa Azizi
Latifa Azizi
Owganystanly 17 ýaşly türkmen gyzy Latifa Azizi ýerli ”Tolo” telekanalynda geçirilýän “Afgan Star” ("Owgan ýyldyzy") aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyp, iň öňdäki altylygyň hataryna girmegi başaran aýdymçylardan biridir.

Ol, müňlerçe dalaşgäriň arasyndan saýlanyp, bu derejä ýetdi. Emma onuň bu üstünligi käbir konserwatiw toparlara ýaramandyr. Latifanyň kakasynyň aýtmagyna görä, olara her gün diýen ýaly ölüm gorkusy bilen haýbat atylýar.

Azatlyk Radiosyndan Sähra Gulam Nabi bu barada Latifanyň kakasy Gulam Sah Azizi bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Latifanyň “Afghan Star” bäsleşigine gatnaşanyna ökünýäňizmi?

Gulam Sah Azizi: Çäräm ýok, 100 telefon gelse, şonuň 70-i bize sögünýärler. Kowumlarymyz bilen hem ters düşdük. Aga-inilerimiz bilen hem ters düşdük. Latifa türkmeniň bardygyny bildirdi. Ýene-de edip biljek zadymyz ýok. Owganystanda-da [ýagdaýymyz] kyn bolup dur.

Azatlyk Radiosy: Haçandan bäri haýbat atýarlar?

Gulam Sah Azizi: Latifanyň bäsleşige başlanyna üç aý boldy. Şu hepde jaň edip, gyzyňy [bäsleşikden] alyp gal, eger-de alyp galmasaň, soň menden gaty görme, men özüm alyp galaryn diýýärler. Düýn hem biri jaň edip, men seniň öýüňde bomba goýjak, eýtjek-beýtjek diýýärler.

Azatlyk Radiosy: Nähili görnüşde haýbat atýarlar?

Gulam Sah Azizi: Jaň edibem aýdýarlar, ýüzüňe-de aýdýarlar. Aga-inilerimiz, kowumlarymyz ýüzümize aýdýarlar. Käbir [adamlar] hem telefon edip aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Haýbat atanlarynda, nämeler diýýärler?

Gulam Sah Azizi:'Sen näme üçin gyzyňyň orta çykmagyna rugsat berdiň? Gyzyň näme üçin orta çykdy? Gyzyňy [bäsleşikden] alyp galjakmy ýa-da galjak däl?' diýýärler. Gyzyňy [bäsleşikden] alyp galmasaň, sizi hem [günüňize] goýjak däl diýýärler.

Azatlyk Radiosy: Jaň edýänler özlerini kim diýip tanadýarlar?

Gulam Sah Azizi: Bize köprägi özüni Möwlöw Salam diýip tanyşdyrýarlar. Käbirleri kowum, käbirleri komandir, köprägi hem talyban [diýip tanyşdyrýarlar].

Azatlyk Radiosy: Haýbat atanlarynda, siz näme diýip jogap berýärsiňiz?

Gulam Sah Azizi: Çäräm ýok. Näme diýip jogap bereýin men?! Jogap berere ýagdaýym ýok. Men näme edeýin?! Meniň bu ýerde arkam bolmasa, meniň tarapdarym bolmasa, ýekeje özüm, maşgalam bolaýmasa… [Başga] çäräm ýok. Birnäçe sany çagam bar. Öňden hem meniň ykdysady ýagdaýym pes bolup, öýden daşda işläp ýören adamdym. Latifa [bäsleşige] başlandan bäri, men işlemegimi hem goýdum. Şu wagt Latifany goldap otyryn. [Başga] çäräm ýok.

Azatlyk Radiosy: Haýbatlardan soň Latifanyň durmuşynda nämeler üýtgedi? Şol haýbatlar, Latifanyň durmuşyna nähili täsir ýetirdi?

Gulam Sah Azizi: [Latifanyň] köçä çykmasy gaty kyn. Biz, ejesi bilen kakasy, hemişe ýanynda. Bir ýere gitse-de, äkidip gelýärin, özüm hemişe ýanynda bolýaryn. [Şeýdip, haýbat atmak bilen] Meni gaty kyn günlere salýarlar:

'Sen näme üçin beýdip gyzyňyň yzyna düşüp ýörsüň? Näme üçin gyzyň bilen bile gidýärsiň?' Gyzymyň ýanyndan gitmesem, gyzymyň jany howp astynda, ýanynda gitsem, biziň janymyz howp astynda. Şu wagt biziň janymyz howp astynda bolup dur.

Azatlyk Radiosy: Latifany şu ýaryşa gatnaşdyrmak kararyna geleniňizde, şeýle zatlaryň boljagyny çak edipdiňizmi?

Gulam Sah Azizi: Latifanyň özi höwes eden ekeni. Men Kabulda işläp ýördüm. Soň maňa [Latifa bäsleşikde üstünlik gazandy] Latifany alyp geliň diýip, jaň etdiler. Ejesem goldady. Soň mejbur galdyk, [Latifanyň] öňüne düşdük. Enşalla, Latifanyň soňy gowy bolsun [üstünlik gazansyn]. Ýöne biziň ýagdaýymyz gaty kyn.

Azatlyk Radiosy: Ýaryşa gatnaşmak gürrüňi başda nähili başlady?

Gulam Sah Azizi: Latifanyň özi şeýle höwes eden ekeni. Soň biziň Mazary-Şerifde ýaşamagymyz kyn boldy. Ondan soňra-da Kabula göçüp geldik. Indi bizi Kabulda hem goýanoklar.

Latifa bäsleşige gatnaşanyndan bäri, biz gaty kyn günler görýäris. Latifa bäsleşikde üstünlik gazansa-da, biziň günümiz gaty kyn boljak, eger-de Latifa üstünlik gazanmasa-da, biziň günümiz gaty kyn boljak.

Azatlyk Radiosy: Latifanyň bäsleşige gatnaşmagy, onuň özüne nämeleri gazandyryp, nämeleri hem ýitirmegine sebäp boldy?

Gulam Sah Azizi: Latifa [aýdym aýtmagy] telewizor arkaly öwrendi. Onuň öňden [aýdym-saz] öwredýän mugallymy hem ýok. Öý işlerini edip ýören gyz. Mekdepde dokuzynjy synpa çenli okady, altynjy synpa çenli hem Pakistanda okapdy. Şeýdip, [bäsleşikde hem] ilki puştun dilinde aýdym aýdyp, üstünlik gazandy. Soňra-da pars dilinde we türkmen dilinde aýdym aýdyp, üstünlik gazandy. [Latifa aýdym-saz ugrundan] öň mugallym tutup, ýörite okuw okamandy. Öýde öý işlerini edip, mekdebe gatnap ýören gyzdy.

Azatlyk Radiosy: Dokuzynjy synpa çenli okady diýdiňiz, soň näme üçin okamady? Okuwdan galmagyna sebäp bolan zat aýdym-sazmy? Ýogsa-da, başga sebäpleri barmy?

Gulam Sah Azizi: Okuwdan galdy. Mekdebem jogap berdi. Biz, Latifa okuwyna dowam etse, bir kär öwrense diýip haýyş edýäris.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy mekdepden jogap berdiler diýdiňiz. Bu näme diýdigiňiz bolýar? Ýagny, mekdepden çykardylarmy ýa-da özüňiz alyp galdyňyzmy?

Gulam Sah Azizi: Latifa aýdymçy boljak bolup, “Afghan Star” bäsleşigine gatnaşjak bolup, mekdebi goýberdi. Şondan soň mugallymy oňa jogap berdi. Mugallymy indi mekdebe goýmaýan, mekdebe gelmesin diýdi.

Azatlyk Radiosy: Latifanyň aýdym-saz dünýäsinde gelejegini nähili göz öňüne getirýärsiňiz?

Gulam Sah Azizi: Latifanyň gelejegi gowy bolar diýýäris. Türkmenler kömek etsinler diýýäris. Türkmen kowmundan hem şeýle hünärment [orta] çyksa biz örän hoş bolýarys.
XS
SM
MD
LG