Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri ýazyjysy 'hormatly' adyndan mahrum edildi


Azeri ýazyjysy Akram Aýlisli
Azeri ýazyjysy Akram Aýlisli
Azeri ýazyjysy Akram Aýlisliniň tutuş ömründe gazanan üstünliklerine birnäçe gün mundan öň garaňky kölege düşdi. Ol “Daş düýşler” atly romanynda Azerbaýjanyň regional garşydaşy bolan Ermenistany gowy äheňde suratlandyranlygy üçin öz hormatly adyndan we pensiýasyndan mahrum edildi.

Ýurtda Aýlisliniň ýazan eserine gahar-gazaplar dowam edýärkä, bu roman azerbaýjanlylaryň belli bir bölegi tarapyndan öňe sürülýän – parahatçylyk ugrunda belli bir ädimler ädilmeli diýen pikirleriň hem möwjemegine getirdi.

Baku bilen Ýerewanyň gatnaşygy çuňňur duşmançylykly häsiýete eýe bolup, ol öz gözbaşyny iki ýurduň arasynda Daglyk-Garabagda bolan alty ýyllyk uruşdan alyp gaýdýar. Daglyk-Garabag Azerbaýjanyň territoriýasynda ermenileriň agdyklyk edýän seperatist regiony bolup, oňa häzir Ermenistan tarapyndan kontrollyk edilýär.

“Daş düýşler” romany ýaňy ýakynda Orsýetiň “Družba narodow”, ýagny “Halklaryň dostlugy” atly edebiýat žurnalynda çap edildi. Romanda diňe azerbaýjanyň ermenilere garşy, ylaýta-da Bakuwdaky we Sumgaitdäki gyrgynçlyklaryň suratlandyrylmagy öýke-kinäniň artmagyna sebäp boldy.

Wideo: Ganji şäherinde Akram Aýlisliniň kitaplary ýakyldy

Ganji şäherinde Akram Aýlisliniň kitaplary ýakyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:56 0:00

Eser baradaky garaýyşlar

Romandan görnüşine görä, ermenileriň azerbaýjanlaryň üstüne çozuşlary, ýagny 1992-nji ýylyň fewralyndaky Hojaly gyrgynçylygy ýaly wakalar beýan edilmändir. Emma, muňa garamazdan, uruş döwründe ejir çeken käbir azerbaýjanlylar Aýlisliniň kitaby barada öwgüli sözler bilen çykyş edip başladylar.

Olardan biri hem Daglyk-Garabagyň sürgüni, 31 ýaşly azerbaýjanly şahyr Günel Mowlud. Ol öz pikirini şeýle beýan edýär: “Bu roman Azerbaýjanyň bähbidine bolup biler. Elbetde, bu onuň öz pikirleri. Belkem, onuň aýdýany dogry däldir, belkem dogrudyr. Ýöne bu roman belli bir garaýşy ýüze çykarýar. Bu, biziň belli bir zatlara gatnaşyp, şol waka bilen bagly jogapkärçiligi öz üstümize alyp biljek derejede siwilizlenendigimizi görkezer”.

Aýlisliniň tarapdarlarynyň ençemesi häzirki wagtda ýurduň iň hormatlanýan ýazyjylarynyň birine gönükdirilen bu duşmançylygyň ölçeginden biynjalyk bolýan ýaly görünýär.

Kitaby ýakylyp, Aýlislini raýatlygyndan dänmäge çagyryş edýän protestlerden bir hepde geçensoň, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň 75 ýaşly ýazyjyny “Halk ýazyjysy” diýen hormatly adyndan we 2002-nji ýyldan bäri her aýda berilýän 1 müň 250 amerikan dollary möçberindäki prezidentiň pensiýasyndan mahrum edýän resmi karar çykarmagy basyşlary artdyrdy.

“Jeza”

Aliýew bu çäräniň ýazyja “Azerbaýjana degişli taryhy faktlary ýoýandygy we azerbaýjan halkynyň duýgularyny äsgermänligi üçin” berlen jezadygyny belledi.

Ýöne “Daş düýşlerden” öňki romanlarynyň we pýesalarynyň hijisinde Ermenistan bilen bagly meseläni gozgamaýan Aýlisli bolsa hökümeti, öz bitiren işlerini tutuşlaýyn inkär edip, halys çäkden geçmekde aýyplady.

“Men olardan maňa bu ady bermeklerini soramandym. Şeýle-de, olar ady maňa bu romanym üçin bermändiler. Olar ol ady maňa meniň beýleki işlerim üçin beripdiler. Onsoň bu nämäni aňladýar? Olar meniň beýleki kitaplarymy hem ýok saýýarlarmy? Men hakykatdan hem bu perman ýaly zatlara garaşamokdym” diýip, Aýlisli aýdýar.

Aýlisliniň ýokary derejeli gümrük işgäri bolan oglunyň hem öz wezipesinden çekilmeginiň soralmagy we ýazyjynyň Bakuwyň Milli Drama Teatrynda sahnalaşdyrlymagy planlaşdyrylan “Meni söýme” atly pýesasynyň goýbolsun edilmegi bilen, oňa edilýän basyşlar has hem güýjedi.

Bu basyşlaryň Aýlisliniň Bakuwyň dolandyryjy elitasyny açyk tankyt etmegi bilen hem bagly bolmagy mümkin. Sebäbi “Daş düýşlerde” Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky konfliktden başga, Aliýewiň kakasy Geýdar Aliýewiň parahor sýyasatçydygy aýdylyp, ol intelligensiýanyň şahsy wepalylygyny satyn almak üçin olara mugt kwartira bermekde aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG