Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeni öldüren ABŞ-nyň esgeri interwýu berdi


Osama bin Ladeni öldürendigini aýdýan Birleşen Ştatlaryň harby deňiz güýçleriniň esgeri inetwýu berdi. Söhbetdeşlikde 2011-nji ýylyň maý aýynda Pakistanda “Al-Kaýda” toparynyň lideriniň öldürilendigi bilen bagly gürrüň edildi.

Interwýu duşenbe güni “Esquire” žurnalynda çap edildi. Žurnal esgeriň ady barada maglumat bermedi, emma onuň Birleşen Ştatlaryyň harby deňiz güýçlerinde 16 ýyl gulluk edendigini aýtdy.

Häzirki wagt şol esger “Al-Kaýda” toparynyň tarapdarlarynyň ar almagyndan howatyr edýär.

Şeýle-de esger, pensiýasyz we saglyk ätiýaçlandyryşsyz işsiz raýat hökmünde maliýe kynçylyklarynyň bardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG