Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen estradasy: Däpler we täzeçillik, kim näme isleýär?


Türkmen sungat işgärleri
Türkmen sungat işgärleri
Aýdym-saz islendik halkyň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi. Bu türkmenlerde hem şeýle. Halkyň zehinli ogul-gyzlary her döwürde ata-babalardan gelýän aýdym-saz medeniýetini döwre görä täzeläp, sünnäläp, baýlaşdyryp, öz üstlerinden indiki nesle geçirip gelipdirler.

Bu ýagdaý sowet döwründe radio-telewideniýe arkaly has giň gerime eýe bolan bolsa, SSSR-iň dargamagy, Türkmenistanyň özbaşdak ýurt bolmagy, daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryň giňemegi we soňy bilen internet elýeterliginiň köpelmegi türkmen aýdym-saz sungatynyň öňünde täzeden-täze, ozalkylara meňzemeýän we has çylşyrymly synaglary goýdy.



Türkmenistanyň öňki prezidenti Nyýazowyň şahsyýet kulty ýyllarynda bir tarapdan däp bolan halk aýdymlaryna, ikinji tarapdan täzeçilligiň wekilleri bolan ýaş estrada aýdymçylaryna girizilen çäklendirmeler hem şol synaglara degişli. Emma Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň, belki-de täze prezidentiň aýdym-saza, täzeçillige we internete tarapdarlygy netijesinde, türkmen ýaşlarynyň aýdym-saz aktiwligi güýçlenip, olar barha kän göze ilip başlady.

Şonuň bilen bir wagtda, ýaşlaryň aýdymlarynda we hereketlerinde öňki däpleriň çygryna sygmazlyk, täzelik gözlemek, belli derejede öňki galyplara garşy gitmek, daşary ýurtlaryň aýdymçylaryna öýkünmek, düýpden başga ýol-ýoda agtarmak ýaly zatlar hem duýulýar.



Bu bir tarapdan Maro lakamly Maksat Kakabaýew ýaly aýdymçylaryň ýanalmagyna getirse, ikinji tarapdan ýaşlaryň internet arkaly öz haklaryny almak üçin uly böwsüş edip başlamagyna getirýär diýip, ýerli synçylar aýdýarlar. Eýsem, ýaş türkmen estradasy ata-baba däpler bilen täzeçilligiň arasynda nähili kynçylyklary başdan geçirýär? Olaryň gözleglerini we tapyndylaryny halk, şol sanda ýaşlar nähili kabul edýär? Umuman, bu meselede kim näme isleýär?



Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu temadan geçirmegi planlaşdyrýar. Kimde näme teklip bolsa, pikir, bellik ýa sorag bolsa, bize ýazyp we telefon edip bilersiňiz.

Türkmen estradasy: Däpler we täzeçillik, kim näme isleýär?

Eger söhbetdeşlige gatnaşyp, pikiriňizi aýtjak diýseňiz, muňa-da mümkinçilik bar: Azatlyk Radiosynyň mikrofony hemmeler üçin açyk!

Skype arkaly hem habarlaşyp bilersiňiz. Biziň Skype salgymyz: azatlykradiosy

XS
SM
MD
LG