Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow günä geçişlik permanyna gol çekdi


Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow Döwlet Baýdagynyň gününe gabatlap, tussaglaryň bir toparynyň günäsini geçmek baradaky permana gol çekdi.

Berdimuhamedow degişli kanun goraýjy organlaryň ýolbaşçylaryna günäleri geçilen tussaglaryň Baýdak baýramçylygyna çenli öz maşgalalaryna gowuşmalydyklary barada görkezme berdi.

Mundan daşary, ol tussaglykdan boşap, maşgalalaryna dolanyp barjak raýatlaryň işe ýerleşip, “halal zähmet” bilen meşgullanmaklary üçinem alada edilmelidigini aýtdy.

Prezident bu barada welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylaryna ýörite tabşyryk berdi. Ýöne bu gezek näçe tussagyň günäsiniň geçiljekdigi barada resmi media häzirlikçe anyk maglumat bermeýär.
XS
SM
MD
LG