Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Kubanyň bergilerini geçýär


Orsýet Kubanyň sowet döwründen galan köp milliardlyk bergisiniň bir bölegini geçmäge razy boldy.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň penşenbe güni Hawanada prezident Raul Kastro bilen bolan duşuşygynda bergi hakynda ylalaşyk gazanyldy.

“Roýters” habar gullugy Orsýetiň senagat we söwda ministri Denis Manturowa salgylanyp, Moskwanyň 30 milliard dollarlyk bergini geçýändigini we galan bergi üçin Kuba on ýyllyk gaýtadan maliýeleşdirme teklip edýändigini ýazdy.
XS
SM
MD
LG