Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýada parlament saýlawlary geçirilýär


Ýekşenbe güni Italiýada parlament saýlawlary geçirilip başlandy. Synçylar dünýäniň ykdysady we maliýe bazarlarynyň-da Italiýadaky bu saýlawlaryň netijesine uly gyzyklanma bilen garaşýandyklaryny belleýärler.

Bu saýlawlar bilen baglanyşykly köpleri gyzyklandyrýan mesele parlament saýlawlaryndan soň Italiýada ýurdy maliýe we ykdysady krizisdan çykaryp biljek güýçli hökümetiň döredilmek meselesi bolup durýar.

Saýlawlaryň öňýanyndaky pikir soraýyşlyklar tanymal syýasatçy Pýer Luijiniň aram çepçi partiýasynyň uly goldawdan peýdalanýandygyny görkezdi. Ýöne synçylar onuň parlamentde akdyklyk etjek durnukly koalisiýany düzüp biljekdigini sorag astynda goýýarlar.

Pikir soraýyşlyklar Italiýa dört gezek premýer-ministrlik eden Silwio Berluskoniniň-de bu saýlawlarda öňdelik gazanmagynyň mümkindigini görkezýär. Bu saýlawlara ses berişlikler ýekşenbe we duşenbe günleri iki günläp geçiriler.
XS
SM
MD
LG