Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Depardýe Groznyda çykyş etdi


Fransuz aktýory Žerar Depardýe Orsýetiň Çeçenistan respublikasynda bir filmi surata almakçy bolýandygyny mälim etdi.

Bu barada Depardýe paýtagt Groznyda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, ol Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowy “meniň dostum” diýip hem atlandyrdy.

Ýakynda Orsýetiň raýatlygy berlen Depardýe, Çeçenistana ýekşenbe güni barypdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramalar Kadyrowy adam öldürmelere, gynamalara ilteşikli bolmakda aýyplaýarlar. Kadyrowyň özi bu aýyplamalary iňkär edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG