Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

12 ýyllyk bilim barada perman çykdy


Anna güni prezident G.Berdimuhamedow 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap ýurtda 12 ýyllyk orta bilim sistemasyna geçmek barada ýörite permana gol çekdi.

Bu permanda 12 ýyllyk bilim sistemasy bilen baglylykda Türkmenistanyň kanunlaryna we kanunçylyk aktlaryna girizilmeli üýtgetmeler barada ýurduň Bilim ministrligine we Adalat ministrligine ýörite teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemeklik tabşyrylýar.

Mundan daşary, Bilim ministrligine 12 ýyllyk orta bilim sistemasyna geçilmegi bilen baglylykda degişli okuw planlaryny işläp düzmeklik hem-de ony Ministrler Kabinetiniň başlygynyň garamagyna hödürlemeklik hem tabşyrylýar.

Bu baradaky permanda täze işlenip düzüljek okuw planlarynyň esasynda degişli okuw programmalarynyň, okuw kitaplarynyň we esbaplarynyň tassyklanylmalydygy hem aýdylýar.
XS
SM
MD
LG