Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu: Eýran ‘wagt utmak’ isleýär


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu çykyş edip, Eýranyň dünýä güýçleri bilen özüniň ýadro programmasy barada gepleşikleri geçirip, ýadro ýaragyny edinmek üçin “wagt utmak” isleýändigini aýtdy.

Netanýahunyň ýekşenbe güni eden bu çykyşy, ýakynda Gazagystanda Eýranyň we dünýäniň iri alty döwletiniň geçiren gepleşiklerine gabat geldi. Şonda Tähranyň ýadro programmasy boýunça öňegidişligi gazanmak başartmandy.

Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak Waşingtonda çykyş edip, diplomatiýanyň üsti bilen Eýranyň ýadro hyjuwlaryny togtadyp boljakdygyna şübhe bildirdi.

Günbatar döwletleri Eýranyň ýadro programmasyna duwlanyp, ýadro ýaragyny döretmeginden howatyr edýärler. Tähran bu aýyplamalary iňkär edýär.
XS
SM
MD
LG