Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kardinallar Watikana ýygnanyp başlady


Dünýäniň ähli künjeginden Rim katolik kardinallary Watikana ýygnanyp, täze Rim Papasyny saýlamaga taýýarlyk görýärler.

Kardinallar Papany saýlajak kanklawyň senesini kesgitlemek üçin, duşenbe gününden başlap gepleşikleri geçirerler.

Ozalky Rim Papasy Benedikt XVI saglyk ýagdaýy sebäpli, geçen aýyň ahyryna bu wezipeden çekilipdi. Ol soňky 600 ýylyň içinde öz ygtyýarlygyny tabşyran ilkinji pantifik boldy.

Watikan kanklawa 115 töweregi kardinalyň gelmegine garaşýar. Onuň geljek hepde geçiriljekdigi çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG