Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky Türkmen talyplary


Gazagystandaky Türkmen talyplary
Gazagystandaky Türkmen talyplary
Azatlyk Radiosy Gazagystanda okaýan türkmenistanly talyplaryň wekili, Ahmat Ýasawy adyndaky uniwersitetiň lukmançylyk talyby Leýla Ýaňybaýewa bilen daşary ýurtlardaky talyp durmuşy hakda söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtlarda okaýan talyplar iň köp haýsy ugurlarda nähili kynçylyklara duş gelýärler?

Leýla Ýaňybaýewa: Kynçylygyň ilkinji sebäbi ýat ýurtda ýat bolmaklyk. Sebäbi ýerli halk başga-ça garaýar, ýat kabul edýär. Ikinjiden, öýüňi, maşgalaňy göresiň gelýär. Onsoň şeýle käbir ýagdaýlar bolýar.

Käbir talyplar aglap, okuwlaryny taşlap, yzyna gidýär. Ýöne, näme edil beýdip taşlap gider ýaly agyr ýagdaý ýok. Şonda-da näme käbirleri çydap bilenok. Talyplyk ýyllarynyň ýene bir kynçylygy maddy ýagdaý, pul ýagdaýy.

Azatlyk Radiosy: Leýla Ýaňybaýewa, bilinşi ýaly dürli ýurtlarda okaýan talyplarymyz bar. Siz ylaýta-da näme üçin Gazagystany saýlap aldyňyz?

Leýla Ýaňybaýewa: Gazagystan bilşimiz ýaly Türkmenistana gaty ýakyn.

Azatlyk Radiosy: Şol Ahmet Ýasawy adyndaky uniwersitetiň ýerleşýän şäheri hem Türkmenistana ýakynmy?

Leýla Ýaňybaýewa : Elbetde, Türkistan şäheri hem Türkmenistana ýakyn.

Azatlyk Radiosy: Siz lukmançylyk okaýan talyp. Lukmançylyk ugryny özüňiz saýlap aldyňyzmy ýa-da maşgalaňyzyň islegi bilen boldymy, nädip lukmançylygy saýlap aldyňyz?

Leýla Ýaňybaýewa: Men lukmançylygy özüm saýlap aldym. Ejem tarapdan hemmesi lukman. Meniň lukmançylyk ugryny saýlap almagymda şol daýy-daýzalarymyň täsiri gaty uly boldy. Sebäbi men kiçikäm şolary görüp, lukman bolmagy arzuw edýärdim.

Azatlyk Radiosy: Uniwersitetiňizde daşary ýurtdan gelip okaýan talyp köpmi?

Leýla Ýaňybaýewa: Uniwersitetiň özi Gazaklar üçin däl-de, Türkiýäniň we Gazagystanyň şertnamasy esasynda türki halklary jebisleşdirmeklik, birleşdirmeklik, ene dillerini dikeltmeklik maksady bilen gurlan bir uniwersitet bolany üçin şu taýda okaýan talyplar bolup biziň hemmämiz daşary ýurtlardan gelenler.

Azatlyk Radiosy: Ahmet Ýasawy uniwersitetinde türkmenistanly näçe talyp bar?

Leýla Ýaňybaýewa: Türkmenistanly jemi dört ýüzden gowrak talyp bar şu Ahmet Ýasawy uniwersitetinde.

Azatlyk Radiosy: Türkmen talyplary iň köp haýsy ugurlarda okaýarlar?

Leýla Ýaňybaýewa: Türkmen talyplaryň köpüsi halkara gatnaşyklary, ykdysadyýet fakulteti, onsoň filologiýa fakultetlerini saýlap alýarlar.

Azatlyk Radiosy: Okuwyň özi, berilýän sapaklar kynmy?

Leýla Ýaňybaýewa: Berilýän sapaklar kyn däl. Ýöne Türkmenistandan gelen käbir talyplarymyzyň dil taýdan okamagy kyn bolýar. Täze okuwy gutaryp gelenler dil bilmänsoň, rus dili we edebiýaty sapaklarynda esasy kynçylygy çekýärler.

Azatlyk Radiosy: Şolar hökman sapaklarmy?

Leýla Ýaňybaýewa: Hawa, şol esasy sapaklar.

Azatlyk Radiosy: Bir studentiň, talybyň okap, ýaşamagy üçin şol ýeriň ýaşaýyş şertleri nähili?

Leýla Ýaňybaýewa: Türkistan şäheri talyplar üçin gaty amatly şäher. Sebäbi, şäher kiçi, ösmedik, gymmatçylyk ýok.

Azatlyk Radiosy: Ýerli halkyň studentlere, talyplara çemeleşişi nähili?

Leýla Ýaňybaýewa: Ýerli ilat bilen käwagt-käwagt mesele çykýar. Elbetde, süri agsaksyz bolmaýşy ýaly ýerli halkyň içinde hem bar käbir adamlar. Meselem, ýerli oglanlar toplanyp daşary ýurtly bir talyby talamagy, onsoň uruş-jenjel çykarmagy ýaly meseleler hem bolýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda daşary ýurtlarda okamaga höweslenýän, daşary ýurtda okamak isleýän ýaşlar bar. Daşary ýurtda okap ýören bir türkmen talyby hökmünde öz tejribeleriňden ugur alyp, şolara nähili maslahat berip bilersiň? Peýdasy näme şol daşary ýurtda okamaklygyň?

Leýla Ýaňybaýewa: Men, Türkmenistanda daşary ýurtda okamak isleýän oglan-gyzlara daşary ýurtda okamaklygy maslahat berýärin. Daşary ýurtda okamaklygyň özüniň bir gowy taraplary bar. Özüňi kämilleşdirmek, gözýetimiňi, dünýägaraýşyňy özgertmek, onsoň giňeltmeklik, adamlar bilen, başga milletler bilen gatnaşmak, başga milletleriň arasynda öz milletiňi görkezmek we tanatmak, başga milletleriň ýa-da başga bir tanamaýan adamlaryň sen barada we milletiň baradaky pikirleri, hemme zady görýäň-eşidýäň, onsoň azat pikirlenmeklik ýaly gowy taraplary bar.
XS
SM
MD
LG