Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülşan: "Türkmenistandan çykaranoklar"


Türkmenistanyň uçary
Türkmenistanyň uçary
Türkmenabatly Gülşan Hudaýberdiýewa geçen ýyl adaty wiza bilen Türkiýä baryp, Amasýa uniwersitetiniň Elektronik tehnologiýalar bölümine okuwa girýär. Emma okuwyna başlamazdan ozal, ol Türkmenistana dolanyp, student wizasy bilen gelmeli edilýär.

Gülşan Türkmenistana baryp, student wizasyny geçen ýylyň oktýabr aýynda alýar, emma oňa Migrasiýa gullugy ýurtdan çykmaga rugsat bermänsoň, Gülşan häzir okuwyna dowam etdirip bilmeýändigini aýdýar.

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Gülşan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gülşan ilki bilen öz başdangeçirmeleriňiz barada gürrüň beräýseňiz.

Gulşan Hudaýberdiýewa: Men 11-nji sentýabrda student wizamy almak üçin ýurda [Türkmenistana] dolandym. Men student wizamy aldym, emma ýurtdan çykmaga rugsat berlenok. Maňa 1.5 ýyl deport goýdular. Onuň sebäbini hem düşündirenoklar.

Azatlyk Radiosy: Siz bu meseläniň anygyna ýetip, problemany çözmek üçin nirädir bir ýere ýüzlendiňizmi?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Hawa, men Migrasiýa gullugyna, Baş prokuratura hem hat ýazdym. Baş prokuraturada maňa meniň işimiň Migrasiýa gullugyna geçirilendigini aýtdylar.

Migrasiýa gullugy hem maňa “Şol [öňki karar] güýjünde galdy, seniň deportyň ýatyrylmady” diýip, jogap berýär. Prezidente hat ýazanymda-da, maňa ýene-de Migrasiýa gullugyndan jogap geldi hatda şeýle diýilýär. “Prezidente hat ýazandygyňy bilýäris. Seniň ýagdaýyňdan habarymyz bar, emma deportyň şol durşuna galdyryldy”.

Azatlyk Radiosy: Siz haýsydyr bir başga ýurtlaryň üsti bilen çykmaga synanyşyp gördüňizmi?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Hawa, biz Özbegistandaky gonamçylyga zyýarata gitmekçi bolanymyzda, meni goýbermediler we meniň deport edilendigimi aýtdylar. Indem bolsa hiç hili çykalga ýokmyka diýýärin.

Azatlyk Radiosy: Gulşan, siz Türkiýä ilkibaşda uniwersitete girmek üçin gidipsiňiz. Eýsem, ol ýerde haýsy status bilen ýaşapdyňyz, ýagny wiza ýagdaýyňyz nähilidi?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Hawa, men gidenimde okuwa diýip gidipdim. Türkiýä baran badyma alty aýlyk turist wizasyny aldym. Ol ýerde bolup, 6 aý ekzamenlere taýýarlyk gördüm.

Soňra wizamyň [gutarmak] möhleti ýakynlaşyp başlanda, men Moskwa gidip, ýene-de fewral aýynda Türkiýä gaýdyp geldim we eýýäm mart aýynda ekzamenlere girişdim.

Maňa bu esasda ol ýerde kanuny ýagdaýda galmagym üçin rugsatnama berdiler. Ol diňe Türkiýäniň çäginde ýöreýärdi. Aslynda maňa eýýäm wiza almaga hem rugsat berlipdi, men hiç hili problemasyz, ýurda gelip, wizamy alyp gitmelidim.

Azatlyk Radiosy: Siz eliňizdäki dokumentleri aeroportda görkezipmidiňiz?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Hawa, men olar türk diline düşünenoklar diýip, elimde bar bolan dokumenti, hat-da ejeme iberen dokumentlerimi hem, olaryň stolunyň üstünde goýdum. Emma şonda-da bilmedim...

Azatlyk Radiosy: Olaryň stolunyň üstüne goýdum diýdiňiz, eýsem siz başga bir otagda gürrüň etdiňizmi?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Hawa, meni aýratyn bir otaga äkitdiler we ol ýerde şeýle bir samsyk soraglary berdiler. Mysal üçin, Türkiýede ýaşanyňda teniňi satdyňmy, näçe pula satdyň we şuňa meňzeşler.

Ahyrynda men hem, çydaman, olar bilen berk gepleşmeli boldum. Köpler meniň şeýle berk gepleşenim üçin meniň ýurtdan çykarylmaýandygymy çaklaýarlar. Men hem bolsa olaryň meniň bilen beýle gepleşmäge hukugynyň ýokdugyny aýtdym.

Hat-da sen maňa sprawka ber men ähli lukmanlaryň barlaglaryndan geçip gelerin, onsoň sen hem öz diýýänleriň üçin jogap bermeli bolarsyň diýdim. Diňe şondan soň meniň gaty gaharym gelendigine düşünip, olar dymdy. Soňra maňa daşaryk çykyp garaş diýdiler, menem çykdym.

Azatlyk Radiosy: Siz daşaryk çykanyňyzda, pasportyňyz nirededi?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Olardady.

Azatlyk Radiosy: Onsoň näme boldy?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Onsoň 20 dollar töle diýdiler. Tölänimden soň, iki sagatdan goýberdiler.

Azatlyk Radiosy: Şol 20 dollary kime we näme üçin tölediňiz?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Bilemok näme üçin tölänimi, emma kassa baryp töledim. Hemmeler töleýärdi menem töledim.

Azatlyk Radiosy: Deport diýen möhüri şondan soň goýdularmy?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Ýok, deporty eýýäm pasportymy gaýtaryp berenlerinde, goýupdyrlar. Men onuň näme möhürdiginem düşünmedim, adaty bir giriş diýen ýaly möhürdi.

Men bu näme diýip soranymda, olar ”sen geldiň” diýen möhür diýdiler. Ondan soň men noýabr aýynyň altysynda wizamy aldym we Türkiýä gitmezimden ozal Özbegistana zyýarata gitmekçi bolduk. Şonda meni goýbermediler.

Azatlyk Radiosy: Gulşan, siziň kabul edilen uniwersitetiňiziň we bölümiňiziň ady näme?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Uniwersitetiň ady Amasýa Universitesi, bölümim bolsa Elektrik [Elektronik] tehnologiýalary

Azatlyk Radiosy: Gulşan, siziň maşgalaňyz bu bolýan zatlar barada näme pikirde?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Şol Migrasiýa gullugynyň işgäriniň [üstünden] şikaýat edip, arza ýaz diýýärler. Men näme edeýin, kim maňa kömek eder ýa-da onuň maňa paýyş sözleri aýdandygyna ynanar?

Azatlyk Radiosy: Uniwersitetiňiz bilen habarlaşyp, ýagdaýy düşündirdiňizmi? Eger habarlaşan bolsaňyz, olar näme diýdiler?

Gulşan Hudaýberdiýewa: Hawa, habarlaşdym, olaryň habary bar. Jaň edenimde, näme üçin gelip bilmeýändigiňi düşündirip, bize faks iber diýdiler. Men iberdim, emma olardan jogap ýok entäk. Men faksy geçen ýylyň 26-njy dekabrynda iberipdim.
XS
SM
MD
LG