Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Ýüpek pilesine garaşly durmuş


Ýüpekçi gyz, Özbegistan
Ýüpekçi gyz, Özbegistan

Özbegistanyň milliardlarça dollarlyk pagta önümçiliginiň ilatyň el zähmetine garaşlydygy tassyklanan fakt. Emma ýurduň dokma senagaty üçin zerur bolan başga-da önümler bar. AÝ/AR-nyň habarçylary Farangis Najibullah we Sadriddin Aşurow Özbegistanyň gadymdan gelýän ýüpekçilik tejribelerine syn edýärler.

Fergana jülgesiniň merkezinde garyň eräp başlamagy baharyň golaýlanlygyndan habar berýär. Emma bu ýüpekçilik möwsüminiň başlanandygyny hem aňladýar.

Aprel aýyndan başlap maýyň aýagyna çenli Özbegistanyň dayhanlary ýurduň senagatynyň iň wajyp ugurlarynyň biri bolan ýüpekçilik bilen başagaý bolýarlar we bu işi köneden gelýän usula daýanyp edýärler. Ýüpekçiler ýüpek gurçugyny öz öýlerinde saklap idedýärler.

Ýüpek gurçugyna köp ideg edilýär, ýupek pilesi emele gelýänça alada köp bolýar.

Özbegistanda ýüpekçilik tejribesi gadymdan gelýär we ol milli buýsanjyň çeşmesidir. Häzirem bu pudaga hökümet tarapyndan gözegçilik edilýär, emma her ýylky önümçilik maşgalalaryň yhlasyna bagly.

“Ýerli häkimiýetler dayhanlara guta salnan maýdajyk gurçuklaryň 30-40 gramyny paýlap berýärler” diýip, Fergana jülgesiniň gündogar böleginde ýerleşýän Çaşma atly obanyň ýaşaýjysy Sulhiýa Azizowa gürrüň berýär.

Şol 40 gramda müňlerçe gurçuk bolýar. Olaryň bar işi - iýmek we ulalmak.. Başda galamyň ujy ýaly kiçijik gurçuklar ahyrsoňy 70 esse ulalýar.

Ideg aladasy

Möwsümiň aýagynda ýüpek gurçuklary Azizowanyň dört otagly jaýynyň iň uly üç otagyny eýeleýärler. Bu bolsa alty adamdan ybarat maşgalanyň bir otagda ýaşap oňmaly bolýandygyny aňladýar. Üstesine, olar gurçuklar üçin amatly şertleri döretmeli bolýarlar. Ýüpek gurçugy sowuga, günüň şohlesine örän çydamsyz. Olara tut ýapragyny yzygiderli berip, yzyny arassalap durmaly bolýar.

Başda 40 gram gurçugy iýmitlendirmek üçin iki kilogram ýaprak gerek bolýar. Iň soňunda şol gurçuklar her günde 270 kilograma deň tut ýapraklaryny iýýärler.

Sulhiýa Azizowanyň sözlerine görä, gurçuklara ideg etmek üçin maşgala ýetişiksiz günde bolýar.

“Maşgalamyzda her bir adam işli bolýar. Biz gurçuklary gije-gündiz idedýäris. Azyndan bir adam, [gijesine] ýatman, olara ýaprak berip durmaly bolýar. Bu örän kyn, emma biz bu işi etmäge mejbur bolýarys. Sebäbi, gurçuklar ölse, biz jerime tölemeli bolýarys” diýip, Sulhiýa Azizowa gürrüň berýär.

Işe çagalaram, garrylaram gatnaşýar. Olar gurçuklara ýaprak berýärler we otaglary arassalaýarlar. Ulular bolsa tut şahalaryny kesip, ýaprak getirmegiň aladasynda.

Azizowa gurçugyň ideginiň seresaply bolmalydygyny, sebäbi wagtynda ýaprak berilmese, olaryň 45 minutdan soň ölýändigini aýdýar.

Ýüpekçiligiň girdejisi

Möwsümiň aýagynda maşgala, adatça, 120 kilogram ýüpek pilesini alýar. Häkimiýetler onuň her kilosyna iki dollardan töleýär. Emma daýhanlar puluň birnäçe aýlap tölenmeýän wagtynyň hem bolýandygyny aýdýrlar.

Azizowa bu agyr zähmetiň oňyn bir netijesiniň-de bardygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, ýüpekçilikden galan tut şahalary maşgalany odun bilen üpjün edýär.

Jyzak regionynyň ýaşaýjysynyň AÝ/AR-a aýtmagyna görä, daýhanlar ekin meýdanlaryny kärendä almak ýa-da pagta çigidini almak üçin gurçuk tutmaly bolýarlar.

“Men 50 gektar ýeri kärendä alýaryn. Ýeriň her gektary üçin men dört kilo çig ýüpek pilesini tabşyrmaly bolýaryn” diýip, daýhan gürrüň berdi.

Ýüpek önümçiligi boýunça dünýäde üçünji ýerde durýan Özbegistan ýylda 25 müň tonna çig pile öndürýär. Özbegistanyň resmi habar serişdelerine görä, hasylyň 70%-i, her kilosyna 30 dollardan, Günbatar Ýewropa, Günorta Koreýa we Hytaýa eskport edilýär.
XS
SM
MD
LG